Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Новости за 03.01.2021

Nigeriýadaky hüjümlerde azyndan 70 adam öldürildi

Azathabar.com 

Hüjümlerde Mali bilen serhet ýakasyndaky Çombangou we Zaroumdareýe obalarynyň nyşana alyndy diýip, içeri işler ministri Alkaçe Alhada 2-nji ýanwarda aýtdy. Hüjümiň jogapkärçiligini üstüne alan bolmady. Günbatar Afrika ýurdunyň howpsuzlyk çeşmeleri “Roýters” habar gullugyna ölenleriň sanynyň azyndan 70 bolup biljekdigini aýtdylar. "Al-Kaýda" we "Yslam döwleti" topary bilen ilteşikli söweşijiler Sahel sebitini ýyllarboýy durnuksyzlaşdyryp gelýär. Az ilatly sebitdäki gapma-garşylyklar ýüzlerçe müň adamyň bosmagyna... Читать дальше...

2021-nji ýylda üns berilmeli iň ýokary tehnologiýa ugurlary

Azathabar.com 

5G ulgamynyň ýaýramagy, kibersportyň meşhurlygynyň ýokarlanmagy sosial medianyň kadalaşdyrylmagyny talap edýär – pandemiýa sebäpli tehnologiýada täze tendensiýalara bolan ösüş has çaltlaşdy. Bu ýagdaý 2021-nji ýylda we ondan soňky ýyllarda-da esasy tendensiýa öwrüler.

Ýaragly adamlar Pakistanda magdançylara hüjüm edip, 11 hazarany öldürdi

Azathabar.com 

Ýaragly adamlar Bulujystan welaýatynyň günorta-günbataryndaky şaýy azlygynyň, hazara kömür magdançylarynyň bir toparyny alyp gaçyp, 11 adamy öldürdi diýip, resmiler 3-nji ýanwarda aýtdy. “Öten agşam edilen hüjümde azyndan 11 magdançy ölürildi” diýip, ýerli polisiýanyň metbugat wekili Nur Ullah aýtdy.  Harbylaşdyrylan “Lewi” güýçleriniň resmisi Moazzam Ali Jatoý bu hüjümiň welaýat paýtagty Kwetanyň 48 km (30 mil) gündogarynda ýerleşýän Maç kömür ýatagynyň golaýynda bolandygyny aýtdy.  Jatoý... Читать дальше...

Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy üç hytaý operatoryny sanawdan çykarýar

Azathabar.com 

Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy Hytaýyň üç sany aragatnaşyk kompaniýasynyň gymmatly kagyzlaryny aýyrmak prosesine başlady. Biržanyň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, “China Telecom”, “China Mobile Ltd” we “China Unicom” (Hoňkoň) emitentleri indiden beýläk sanawa girizilmeýär. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň karary esasynda edilen iş bolup durýar. Gelnen karara laýyklykda, Hytaýyň harby güýçleriniň gözegçiligi astyndaky hytaý firmalaryna amerikan maýa goýumlary 11-nji ýanwardan başlap gadagan edilýär. Читать дальше...

Gyrgyz häkimiýetleri Oş sebitinde planlaşdyrylan hüjümiň öňüni alandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Oş sebitinde bir raýat terrorçylyk hüjümini taýýarlamakda güman edilip, tussag astyna alyndy. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy ýurduň Milli howpsuzlyk komitetine salgylanyp, bu raýatyň 1998-nji ýylda doglan ýaş adamdygyny habar berýär. Derňew maglumatlaryna laýyklykda, tussag edilen erkek halkara terrorçylyk guramasynyň agzasy bolup, baştutanlary oňa sebitiň harby bölümleriniň birine terrorçylykly hüjüm etmek üçin partlaýjy enjam ýasamagy buýrupdyr. Tutulan adamyň ýaşaýan ýerinde... Читать дальше...

Respublikan senatorlaryň topary Baýdeniň ýeňşine garşy çykjagyny aýdýar

Azathabar.com 

Tehasly Ted Kruzyň ýolbaşçylygyndaky respublikan senatorlaryň we saýlanan senatorlaryň topary geljek hepde Kongresde Saýlaw kollegiýasynyň netijeleri jemlenende, ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýdeniň ýeňşini sorag astyna aljakdygyny aýdýar. Bu ädim esasan simwoliki bolup, onuň Baýdeniň 20-nji ýanwarda işe girişmeginiň öňüni almagy tasdan mümkin däl. Ýöne bu amerikan saýlawçylarynyň erk-isleginiň aşagyny köwmek üçin edilýän görlüp-eşidilmedik tagalla bolup durýar. 2-nji ýanwarda eden... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *