Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 01.07.2021

Ýewropa goşunlary Owganystandan öýe dolanýar, ABŞ-nyň goşun çekmegi tamamlamagyna 'sanagly gün galdy'

Azathabar.com 

Owganystandaky nemes, italýan we demirgazyk makedoniýa goşunlarynyň iň soňky tapgyry öýlerine dolandy. Munuň bilen bu ýurtlar, halkara güýçleriniň uruşdan ejir çeken ýurtdan goşun çekmegi çaltlandyrmagynyň çäginde, Owganystandaky 20 ýyllyk missiýasyny tamamladylar. Prezident Jo Baýden Waşingtonyň 11-nji sentýabra çenli amerikan güýçlerini Owganystandan doly çykarýandygyny yglan edenden soňra, aprel aýynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa özüniň Owganystandaky 9,600 kontingentli missiýasyny soňlandyrmak kararyna geldi. Читать дальше...

Çärjewde gijelerine zir-zibil ýakylýar. Dem gysdyryjy, ýakymsyz ys ilaty “köseýär”

Azathabar.com 

Türkmenistanda aşa yssy howanyň saklanýan bu günlerinde Lebabyň häkimiýetleri her gije merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde köpçülikleýin zir-zibilleri ýakýarlar. Bu onsuz hem dem almagy kyn bolan kapas howa şertlerinde, ýerli ilata uly kynçylyklary döredýär. “Soňky günler gijelerine Türkmenabady dem gysdyryjy, ýaramaz ys we tüsse gurşap alýar. Yzarlap görsem,  häkimiýetler gije ýaryndan daňdan 06:00-a çenli Çärjew etrabynyň günortasyndaky zir-zibil poligonynda köpçülik ýagdaýda hapalary, taşlandylary ýakýar ekenler” diýip... Читать дальше...

Guterriş 2015-nji ýylyň ylalaşygyna laýyklykda ABŞ-dan eýran sanksiýalaryny ýatyrmagy soraýar

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) baş sekretary Antonio Guterriş ABŞ administrasiýasyna ýüz tutup, 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýä güýçleriniň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygy esasynda, Eýrana garşy girizilen ähli sanksiýalaryň “ýatyrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna” çagyrdy. Guterriş 30-njy iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda Eýrany hem şertnamanyň ähli şertlerini gaýtadan ýerine ýetirmäge çagyrdy we ýurduň kanun bozmalaryny “aladaly ädimler” diýip häsiýetlendirdi. Baş sekretaryň... Читать дальше...

Aziýa ýurtlary wirusyň delta görnüşinden ejir çekýär, çäklendirmeleri güýçlendirýär

Azathabar.com 

Bangladeş 1-nji iýuldan berk petikleme yglan edýär. Koronawirusyň çalt ýokaşýan delta görnüşi Aziýa yklymynda hasaba alynýan kesel hadysalaryny ýokarlandyrýar. Indoneziýa yklymda adatdan daşary ýagdaý yglan eden ýurtlaryň soňkusydyr. Bangladeş hökümeti bir hepdelik gulplamalaryň gözegçiligine harby goşuny we polisiýa güýçlerini çekýär. Petiklemeleriň dowamynda ähli dükanlar, edara-kärhanalar ýapylýar, we bu Günorta Aziýa ýurdunyň 168 million ilatyndan öýde galmak talap edilýär. Petiklemeler köp... Читать дальше...

Partiýanyň ýüzýyllygynda Si Szinpin hytaýly ‘Täze dünýäni’ magtaýar, daşarky ‘gorkuzmalara’ garşy haýbatlanýar

Azathabar.com 

Hytaý prezidenti Si Szinpin 1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň ýüzýyllygyna bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin çärede partiýanyň gazananlaryny magtady we daşary ýurt garşydaşlaryna ýurdy gorkuzmaga synanyşmazlygy duýdurdy. Bu çäre Pekiniň uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daraşmalary sebäpli, şeýle-de Tibetden Hong Kongo çenli demokratiýa we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri tussagy etmegi hem-de gorkuzmagy sebäpli, onuň halkara tankyda we sanksiýalara uçraýan wagtyna gabat gelýär. Читать дальше...

Türkiýedäki türkmenler bilim, medeniýet we ýardam guramasyny döretdiler

Azathabar.com 

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň aktiwligi has-da ösdi we olar türkmen häkimiýetleriniň esasan, syýasy, sosial-ykdysady syýasatlaryny tankytlaýarlar we il bähbitli reformalary durmuşa geçirmegi talap edýärler. Golaýda Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň hususan, sosial problemalarynyň çözülmegine kömek bermegi maksat edýändigi aýdylýan “Oguzboýy” bilim, medeni we ýardam beriji resmi däl jemgyýet Türkiýäniň Stambul şäherinde döredildi. Jemgyýeti esaslandyryjylaryň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *