Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 29.07.2021

“Talyban” jeňçileri hüjümlerini ýaýbaňladýar

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky 20 welaýatda gazaply söweşler dowam edýär. Owgan güýçleri bilen “Talyban” hüjümçileriniň arasyndaky çaknyşyk barha güýçlenýär. Iki tarap hem birek-biregini hiç gaýgyrman oka tutýar. Demirgazyk Owganystanda ýowuzlyklar has artyp barýar. Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda we Günbatarynda 11 welaýatyň etraplary gysga wagtyň içinde “Talyban” söweşijileriniň gözegçiligine geçdi. Jeňçiler welaýat merkezlerine-de hüjüme başlatdylar. Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan... Читать дальше...

Iş, hünär haklaryny talap eden lukman kezzapçylykda aýyplanýar

Azathabar.com 

16-njy iýulda tussag edilen doktor Hursanaý Ismatullaýewany kezzapçylykda aýyplaýarlar. "Tukmen.news" 2020-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edilen Nurgeldi Halykowyň, 2016-njy ýylda üç ýyl azatlykdan mahrum edilen Gaspar Matalaýewiň garşysyna ulanylan maddanyň ýene 'gerek' bolandygyny aýdýar.

Maryda azyk gymmatlaýar, etiň bahasy soňky bir aýda 30% ýokarlandy. Zibil dörýän adamlar görnetin köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň arasynda Mary welaýatynda et, ösümlik ýagy, ýumurtga we çörek ýaly harytlar barha gymmatlaýar. Etiň bahasy soňky bir aýda azyndan 30% ýokarlandy. Azygyň yzygiderli gymmatlamagy raýatlaryň, hususan-da aýlyk girdejisi bolmadyk maşgalalaryň güzeran eklenjini has-da ýaramazlaşdyrýar. Bu aralykda, käbir telekeçiler alyjylaryň azlygy sebäpli dükanlarynyň gapylaryna gulp urup, iş ýerlerini ýapýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi temmäki önümleriniň täze söwda kadalaryny kabul etdi. Bu kadalara laýyklykda, çilim söwdasy bilen diňe Söwda ministrliginiň wekilleri meşgullanmaly we elektron çilimleriň, süzgüçsiz çilimleriň söwdasy doly gadagan edilýär.

Aşgabadyň ýaşaýyş-jemagat gullugynyň müdiriniň sürüjisi gynamalardan öldi

Azathabar.com 

Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlarynyň ýolbaşçysy Haknazar Gurbanowyň sürüjisiniň gynamalar sebäpli ölen bolmagy mümkin. Bu barada paýtagtyň etraplarynyň biriniň ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlarynyň jogapkär işgäri Azatlyk Radiosyna aýtdy. Azatlygyň söhbetdeşi sürüjiniň adyny agzamakdan saklandy, ýöne onuň 32 ýaşyndadygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, polisiýa sürüjini şaýat hökmünde çagyrypdyr we onuň soraga çekilmeginden bir gün soň garyndaşlary onuň jesedini morgdan almaly bolupdyr.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *