Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 30.07.2021

Lebapda okuw esbaplary geçen ýylkysyndan üç esse gymmatlady. Maryda öýlere aýlanyp, köne geýim soraýanlar köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlamagyna bir aý töweregi wagt galanda, ýurduň bazarlarynda çagalaryň mekdep üçin geýimleri we okuw esbaplary satylyp başlandy. Bazarlardaky nyrhlardan çen tutulsa, okuw geýimleriniň we esbaplarynyň nyrhlary geçen ýylkysyndan üç esse ýokarlandy. Şu ýyl bir çagany mekdebe taýýarlamak 6 müň manada ýetýär.

Azerbeýjanly blogçynyň Tbiliside öli tapylandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Azerbaýjanda tussaglykdan boşap, goňşy ýurda giden we hökümeti tankytlamagyny dowam etdirýän oppozisiýa blogçysy gaçybatalga soraýan ýerinde, Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside öli tapyldy. Emma ýerli polisiýa onuň ölümi barada häzirlikçe hiç bir beýanat çap etmedi.

Mekdep uçurymy öz janyna kast etdi

Azathabar.com 

Türkmenabatda 27-nji mekdebiň uçurymy Kemran Meftyýew öz janyna kast etdi diýip, turkmen.news neşiri habar berýär. Neşiriň çeşmelerine görä, ýaş oglan özüni 23-nji iýulda bir köp gatly binadan aşak oklapdyr. Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi bu maglumaty tassyklady.

"Altyn Asyr" sim kartalary satmagy bes etdi, täze mobil operatory "Aý Nazaryň" işe giriziljekdigi barada gürrüň edilýär

Azathabar.com 

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň Lebap welaýatyndaky edarasynda müşderilere täze sim kartalaryň satylmagy bes edildi. Kärhananyň Lebapdaky hünärmenleri munuň sebäplerini ýurtda "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine garaşylýandygy bilen düşündirýärler. Bu aralykda, kärhananyň Aşgabatdaky edarasy öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi togtatdy. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçýar.

Derňew habarlary toparynyň baş redaktory Orsýeti terk etdi

Azathabar.com 

“Proýekt” derňew habarlary gullugynyň baş redaktory, yzyna dolanmak plany bolmazdan, Orsýeti terk etdi we, Moskwadaky Baş prokuratura “islenilmeýän” gurama diýip atlandyrandan soň, öz toparynyň agzalaryny ýurtdan ewakuasiýa etmäge synanyşýar. ABŞ-da hasaba alnan habar beriş serişdesi Russiýanyň dolandyryjy elitasy barada gowy barlanan, göwne ýakmaýan we käte utandyryjy derňewleri çap etdi. Roman Badanin Nýu-Ýorkda beren we 29-njy iýulda çap edilen interwýusynda ýakyn wagtda Russiýa gaýdyp gelmek planynyň ýokdugyny... Читать дальше...

Almaty režissýor we jemgyýetçilik işgäri Bolat Atabaýew bilen hoşlaşdy

Azathabar.com 

Tanymal teatr režissýory we jemgyýetçilik işgäri Bolat Atabaýew 30-njy iýulda Almatyda soňky ýoluna ugradyldy. Onuň bilen hoşlaşmaga Atabaýewi tanaýan onlarça adam, kärdeşleri, aktiwistler geldi. Musulman däp-dessurlaryna laýyklykda, jynaza namazy Atabaýewiň emigrasiýadan geleninden soň birnäçe aý ýaşan köp gatly jaýynyň öňünde okaldy. Merhumyň jesedi Almatydaky “Kensaý” gonamçylygynda jaýlandy. Atabaýew geçen ýyl özüne Germaniýada edilen çynlakaý operasiýadan birnäçe aý soň Gazagystana gaýdyp geldi. Читать дальше...

Derňew: Žurnalistiň öldürilmegine Malta häkimiýetleri jogapkär

Azathabar.com 

Garaşsyz derňewiň gelen netijesine görä,  maltaly žurnalist Dafne Karuana Galizianyň (Daphne Caruana Galizia) öldürilmeginde döwlet jogapkärçilik çekmeli. Bu derňew  häzirki bir, öňki iki kazy tarapyndan geçirildi. Derňew netijesinde aýdylmagyna görä, döwlet Maltadaky korrupsiýa barada ýazan žurnalistiň ömrüne abanýan hakyky howpy boýun almady. Hökümet jezadan gutulmak medeniýetini döretdi we bu ýagdaý kanunyň hökmürowanlygynyň peselmegine getirdi diýip, derňewçiler pikir edýär. Dafne Karuana... Читать дальше...

Hytaýly milliarder hökümeti tankytlandan soň 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azathabar.com 

Hytaý häkimiýetleri kommunistik partiýanyň tanymal tankytçysy, milliarder Sun Dawu "ýigrenji öjükdirmekde" aýyplap, 18 ýyl azatlykdan mahrum etdi we oňa üç million ýuan möçberinde jerime saldy. Ol märekäni döwlet edaralaryna küşgürmekde, bikanun telekeçilik etmekde, bikanun ýer almakda, “ýakymsyz ýagdaýlary” döretmekde günäkär hasaplandy diýip, “South China Morning Post” gazeti Gaobeýdýan şäher halk kazyýetiniň dördünji gün çykaran hökümine salgylanyp habar berdi. 67 ýaşly Sun Dawu takmynan 9000... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *