Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 12.07.2021

"Garaşsyzlyk" seýilgähinde ýaşyl meýdançalar we gymmatbaha arçalar idegsizlikden guraýar

Azathabar.com 

Aşgabatda millionlarça amerikan dollary harçlanyp gurlan "Garaşsyzlyk" seýilgähinde şu günler ýaşyl meýdançalar we gymmatbaha arçalar idegsizlikden guraýar. Seýilgähe ideg edýän işçiler muňa suwaryş ulgamlarynyň hatardan çykmagynyň we olary abatlamak üçin häkimiýetler tarapyndan serişde goýberilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Çarter gatnawy bilen Belarusdan ýurda dolanan birnäçe türkmenistanlyda COVID-19 ýüze çykdy

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” geçen hepde Minskden Türkmenabada nobatdaky gezek çarter gatnawyny gurady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu uçar bilen ýurda dolanan raýatlarda resmi däl COVID-19 hadysalarynyň ýüze çykarylandygyny habar berýärler. Türkmen resmileri şu wagtda çenli ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürýärler. Bu aralykda, Lebapda wirus hadysalary gürelýär, waksinasiýa dowam edýär. Aşgabatda maska režimine raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri gözegçilik edýär... Читать дальше...

Berdimuhamedow kadr çalşygyny geçirdi, ogluny täze wezipä belledi

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ösüş sanlaryndan doly hasabatlary diňläp, kadr çalşygyny geçirdi, şol sanda wezipe basgançaklarynda ýokary galdyrylýan ogluny täze wezipelere belledi.

Kubada hökümete garşy seýrek protest geçýär

Azathabar.com 

Kubada müňlerçe adam Karib adasyndaky bu ýurduň kommunistik hökümetine garşy seýrek protesti geçirýärler. Köçelere çykan ýaş adamlar “Diktatorlyk ýok bolsun!” we “Azatlyk!” diýen şygarlary gygyrdylar. Kommunistleriň dolandyrýan adasynda soňky onlarça ýylyň dowamynda hökümete garşy geçirilen iň iri protestleriň arasynda, 11-nji iýulda prezident Miguel Diaz-Kanel öz goldawçylaryny paýtagt Hawanada demonstrantlar bilen “göreşmäge” çagyrdy. Kuba, özüniň iň esasy ýarany Sowet Soýuzy dargandan bäri... Читать дальше...

“Talyban” Owganystanyň demirgazygyndaky ýene bir welaýat merkezine hüjüm etdi

Azathabar.com 

“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazygyndaky welaýatlaryň ýene biriniň paýtagtyna hüjüm etdiler. Bu aralykda, owgan resmileri jeňçileriň raketa hüjümleriniň öňüni almak üçin, paýtagt Kabulyň aeroportynda howa hüjüminden goranyş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny habar berdiler. 1-nji maýda halkara güýçleri ýurtdan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanandan bäri, “Talyban” Owganystanyň 423 etrabynyň üçden birini öz gol astyna geçirdi. Bu Kabul hökümetiniň synyp biljekdigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy. Читать дальше...

Moldowada Ýewropa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän partiýa ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Moldowada geçirilen irki parlament saýlarynda Günbatar gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän prezident Maia Sandunyň partiýasy açyk ýeňiş gazandy. Munuň netijesinde, Russiýanyň ýurtdaky täsiriniň peselmegi mümkin. 12-nji iýulda sesleriň 99,91%-niň sanalmagy netijesinde, Sandunyň merkezi-sagçy Hereket we Raýdaşlyk partiýasynyň (PAS) sesleriň 52,72%-ni alandygy mälim boldy. Onuň esasy garşydaşy, ozalky prezident Igor Dodonyň Moskwa dostlukly garaýan Sosialistler we Kommunistler blogy (BECS) sesleriň 27,23%-ne eýe boldy. Читать дальше...

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda, Tokioda täze adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Azathabar.com 

Ýaponiýada Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda, ýurtda COVID-19 hassalarynyň köpelmegi sebäpli, 12-nji iýulda Tokioda täze adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Geçen hepde Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary ýaryşlaryň tas ählisiniň diýen ýaly tomaşaçysyz geçiriljekdigini mälim etdiler. Daşary ýurtly tomaşaçylara eýýäm gadaganlyk girizildi. “Biz adamlary türgenleri öýlerinden goldamaga çagyrýarys” diýip, 11-nji iýulda ministrler kabinetiniň baş sekretary Katsunobu Kato aýtdy. Tokiodaky Tomusky... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *