Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 07.10.2021

Türkmenistanda ýyladyş möwsümi başlanýar, hünärmenler ulgamyň tehniki ýagdaýyndan alada edýärler

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimliginiň buýrugy bilen paýtagtda täze ýyladyş möwsümi başlanýar. Azatlygyň habarçylary jaýlara ýylylygyň berilmeginiň wagtyndan biraz öň edilmeginiň howanyň sowamagy bilen baglanyşyklydygyny habar berdiler. Hünärmenler bolsa, ýyladyş ulgamynyň taýyn däldigini we jaýlarda ýylylygyň kesilip durmagyna sebäp bolýan tehniki näsazlyklaryň täzeden başlanmagyndan aladalanýandygyny mälim etdiler.

Ukrain kanun çykaryjylary parlament spikeri Razumkowy wezipeden aýyrmak üçin ses berdi

Azathabar.com 

Ukrain kanun çykaryjylary parlament spikeri Dmitro Razumkowy wezipeden aýyrmak boýunça ses berdi. Bu ses berişlik Razumkow bilen hökümet başyndaky “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň arasynda gapma-garşylyk bar wagty geçirildi. Jemi 284 kanun çykaryjy, şol sanda häkimiýet başyndaky partiýanyň 215 kanun çykaryjysy, 7-nji oktýabrda Razumkowy wezipeden aýyrmak üçin ses berdi. Razumkow prezident Wolodymyr Zelenskiýniň wezipä saýlanmagyndan birnäçe aý soňra, 2019-njy ýylda parlament spiker wezipesine girişmezden ozal... Читать дальше...

Lebapda soňky pagtanyň çigidi diňe “20% ýag berýär”

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurak gelen ýylyň we oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň, şol sanda suw ýetmezçiliginiň arasynda Lebapda ýygnalan pagtanyň çigidiniň ýag bermek derejesi 80% töweregi pese gaçdy. Azatlyga bu barada maglumat beren ýerli ýag zowodunyň hünärmeni, munuň netijesinde onsuz hem gyt haryda öwrülen pagta ýagynyň dükan tekjelerinden düýbünden ýitendigini belledi. Lebabyň Farab etrabynyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Zylyha (ady üýtgedilen – red.) eýýäm ençeme aý töweregi wagt bäri döwlet tarapyndan berilýän subsidirlenen... Читать дальше...

Moldowanyň baş prokurory korrupsiýa aýyplamalary bilen tussag astyna alyndy

Azathabar.com 

Moldowanyň baş prokurory korrupsiýa aýyplamalary boýunça işden boşadyldy we tussag astyna alyndy. Prezident Maýa Sandu ýurtda hiç kimiň kanundan rüstem däldigini aýtdy. Baş prokuror Aleksandru Stoianoglo 5-nji oktýabrda paýtagt Kişinýowdaky bir deslapky tussaghana äkidildi. Ýurduň aňtaw agentliklerinden we howpsuzlyk gulluklaryndan bolan maskaly adamlar baş prokuroryň iş otagyny we öýüni barlady. Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça prokuror Wiktor Furtuna Stoianoglonyň wezipeden hyýanatly peýdalanmakda... Читать дальше...

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýer titredi, azyndan 20 adam öldi

Azathabar.com 

7-nji oktýabr güni ir sagatlarda Pakistanyň günorta-günbatar sebitlerinde bolan ýer titremede azyndan 20 adam öldi we ýüzlerçe adam ýaralandy diýip, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmiler aýdýar. Bulujystan welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygy Nasir Nasar tebigy heläkçilikde 20 adamyň ölendigini we ölüm sanlarynyň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy. “Tebigy heläkçilikden iň köp ejir çeken sebit Bulujystanyň çetki daglyk şäheri Harnaý boldy. Harby we raýat gulluklaryndan halas edijiler Harnaýa ugradyldy” diýip... Читать дальше...

ABŞ: Baýden, Szinpin ýylyň aýagyna çenli wirtual duşuşmagy meýilleşdirýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlary we Hytaý öz prezidentleriniň şu ýylyň ahyryna çenli wirtual duşuşyk geçirmekleri babatynda prinsipde ylalaşdy. “Prezident Jo Baýden we hytaý prezidenti Si Szinpin wideo aragatnaşyk arkaly duşuşarlar diýip, habar saýtlary 6-njy oktýabrda bir ýokary derejeli ABŞ resmisiniň sözlerini getirdi. “Ikitaraplaýyn wirtual duşuşyk” boýunça “prinsipde ylalaşyldy” diýip, resmi anonimlik şertinde habarçylara aýtdy. Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki duşuşygyň ahyrky jikme-jiklikleri... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *