Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 11.10.2021

“Koronawirusdan azat” Türkmenistanda berk karantin çäklendirmeleri dowam edýär, işsizlik ilaty köseýär

Azathabar.com 

“Hususy tikinçilik öýüm [pandemiýa sebäpli] ýapylmazdan ozal, men her gün 50 manat gazanç edýärdim. Ýoldaşym awtoulag bejerilýän ussahanada işläp, her gün 100 manat gazanç edýärdi. Ýöne tikinçilik öýüm-de, awtoulag ussahanasy-da karantin sebäpli ýapyldy. Indi özüm hem, ýoldaşym-da işsiz galdyk” diýip, lebaply bir tikinçi zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. “Koronawirusdan azat” Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly girizilen karantin çäklendirmeleri öz güýjünde galýar. Читать дальше...

Türkmen we özbek prezidentleriniň Owganystan babatyndaky düşünje duşuşygy

Azathabar.com 

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Özbegistana sapar edip, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Aslynda, bu iki lider soňky döwür ençeme gezek özara duşuşdylar. Bu olaryň özara oturyp häzir regiondaky iň derwaýys meseläni: Owganystany maslahat etmegi üçin örän möhüm boldy.

"Gazak dilinde ýaz". Döredijilikli ýaşlar ene dilini nädip goldaýarlar hem ösdürýärler?

Azathabar.com 

Gazagystanda gazak dilini ösdürmegi goldaýan aktiwistler toparlary internetde lingwistika düzgünlerini düşündirýärler, döwlet dilindäki dürli kompaniýalardan maglumat soraýarlar we daşary ýurt filmlerini öz ene dilinde seslendirýärler. Olar kimler? Olara işjeň bolmaga näme itergi berýär we gazak diliniň statusyny berkitmäge nähili goşant goşýarlar? Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy birnäçe toparyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. SYPAÝY ADAMLAR. ÝAŞLAR GAZAK DILINDÄKI ONLAÝN HYZMATYNY NÄDIP TALAP EDÝÄRLER? Читать дальше...

Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi

Azathabar.com 

8-nji oktýabrda Wenada Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi. "Türkmenistanyň Hronikasy" we "Türkmen.news" web sahypalarynda berlen maglumata görä, ýygnaga gatnaşanlar Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy, ýagny ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagy, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýy, epidemiologiki ýagdaý (hökümetiň COVID-19-yň ýurtda bardygyny inkär etmegi), korrupsiýa, halkara guramalary, maliýe guramalary we hökümetler bilen özara işleşmegi we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Читать дальше...

Eýran 20% derejede baýlaşdyrylan uranyň çak edilýän sanlaryndan has uly goruna eýedigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýadro başlygy Tähranyň urany, geçen aý BMG-niň ýadro gözegçileriniň çak eden sanlaryndan has köp mukdarda baýlaşdyrandygyny aýtdy. 9-njy oktýabrda giçlik ýerli telewideniýede eden çykyşynda Mohammad Eslami Eýranda 20% derejede baýlaşdyrylan uranyň 120 kilogramynyň bardygyny aýtdy. Sentýabrda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Eýranyň gorlarynyň 84,3 kilograma barabardygyny çaklapdy. Ýadro ýaragyny ýasamak üçin 20% derejede baýlaşdyrylan uranyň 170 kilogramy zerurdyr. Emma ýadro... Читать дальше...

Hindistanyň we Hytaýyň harby komandirleri serhetdäki dartgynlylygy gowşatmak üçin duşuşdylar

Azathabar.com 

Hindistanyň we Hytaýyň harby komandirleri 10-njy oktýabrda duşuşyp, dartgynly serhet araçäklerinde iki ýyl çemesi wagt bäri saklanýan goşunlaryny yzyna çekmek barada maslahat etdiler. Geçmişde serhetdäki harbylaryň arasynda ganly çaknyşyklar hem bolupdy. Hindistanyň armiýasynyň metbugat wekili polkownik Sudhir Çamoli komandirleriň iki aýyň içinde ilkinji gezek duşuşandyklaryny, şeýle-de gepleşikleriň Hytaýyň Moldo şäherinde we Hindistanyň Ladakh sebitinde geçirilendigini aýtdy. Ol 11-nji oktýabrda... Читать дальше...

ABŞ “Talyban” bilen gepleşikleriň “açyk we professional” bolandygyny aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ Kataryň paýtagty Dohada “Talybanyň” wekilleri bilen geçiren iki günlük gepleşiklerinden soň eden ilkinji resmi beýanatynda, duşuşygyň “açyk we professional” ýagdaýda geçendigini, şeýle-de howpsuzlyk, terrorizm we Owganystan bilen bagly beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. “ABŞ-nyň delegasiýasy howpsuzlyk we terrorizm wehimlerine, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň we beýleki daşary ýurtly raýatlaryň, owgan hyzmatdaşlarymyzyň howpsuz ýagdaýda ýurdy terk etmek meselesine üns gönükdirdi” diýip... Читать дальше...

Gürjüstanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Saakaşwiliniň lukmany onuň keselhana geçirilmelidigini aýdýar

Azathabar.com 

Gürjüstanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagy sebäpli, oňa keselhanada bejergi bermek zerurlygy döredi diýip, Saakaşwiliniň lukmany 10-njy oktýabrda telewideniýede geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy. Saakaşwili 1-nji oktýabrda, ýurduň daşynda sekiz ýyl geçireninden soň Rustawi şäherine gelendigini yglan edeninden ençeme sagatdan soň tussag edilip, türme tussaglygyna ýerleşdirilenden soň, açlyk yglan edipdi. 2018-nji ýylda Saakaşwilä gaýybana tussaglyk hökümi çykaryldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *