Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 22.10.2021

Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi

Azathabar.com 

Stambuldaky türkmen aktiwistleriniň ýene birisi saklandy, türk polisiýasy 20-den gowrak türkmenistanlyny gözleýär diýip, Moskwadaky "Memorial" merkezi habar berýär. Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasyndan alnan maglumata görä, türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew şu gün Stambulda tussag astyna alyndy diýip, "Memoralyň" 22-nji oktýabrda ýaýradan habarynda aýdylýar. Aýdylmagyna görä, Allalyýewi, hemişelik oturym rugsadyny almaga arza bermegi üçin, migrasiýa gullugyna çagyrypdyrlar we... Читать дальше...

"Halkbank" raýatlaryň VISA kartlaryna gaýtadan pul geçirip başlady

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň daşary ýurt walýutasyndaky VISA bank kartlaryna pul salmaga gaýtadan rugsat berlip başlandy. Munuň üçin raýatlardan bir aý öňünden ýörite talon almak talap edilýär. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny heniz dikeltmeýän mahaly, bu kartlardan ýurduň içinde peýdalanmakdaky çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

Dollaryň gara bazardaky nyrhy gaýtadan ýokarlanyp başlady

Azathabar.com 

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň ozalky aýlara garanyňda 40% çemesi peselip, ençeme hepdäniň dowamynda belli bir derejede durnuklylygyny saklamagyndan soň, manat ýene-de hümmetsizlenip başlady. Ýatlatsak, geçen aýdan başlap, gara bazarda 30 manatdan hem aşa bahalanan dollaryň kursy peselip, 21 manada çenli aşaklapdy.

Lebap COVID-19-yň gyş tolkunyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetler koronawirusyň gyş tolkunyna aladaly taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Türkmenistan BMG bilen 'ýurtda ýitileşen' azyk howpsuzlygyny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) sebit bölüminiň müdiri Wiorel Gutsu bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy diýip, “Trend” neşiri TDH-a salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, Meredow onlaýn arkaly geçirilen duşuşykda Aşgabadyň Azyk we oba hojalygy gurmasynyň işine ýokary baha berýändigini we BMG-niň bu agentligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi niýet edinýändigini aýtdy. Читать дальше...

Gazagystanda oppozisiýa ýörişini meýilleşdiren aktiwistlere basyş edilýär

Azathabar.com 

Gazagystanyň günbataryyndaky Oral şäherinde 23-nji oktýabra bellenen oppozisiýa protestini gurnan aktiwistlere basyş edilýär. Oral şäher kazyýeti 22-nji oktýabrda Amangeldi Orazbaýewi 20 gün azatlykdan mahrum etdi. Ol geçen aý rugsatsyz ýöriş gurnap, "parahat demonstrasiýalar baradaky kanuny bozmakda" günäli tapyldy. Orazbaýew bu aýyplamany ret etdi we konstitusiýa salgylanyp, "Gazagystanyň her bir raýatynyň köpçülikleýin çäre geçirmek we pikirlerini açyk beýan etmek hukugynyň bardygyny” öňe sürdi. Читать дальше...

Alekseý Nawalny Saharow baýragyny korrupsiýa garşy göreşijilere bagyşlady

Azathabar.com 

Alekseý Nawalny özüne berlen Andreý Saharow baýragyny "bütin dünýäde we islendik görnüşde korrupsiýa garşy göreşijilere" bagyşlady. Bu habar dördünji gün syýasatçynyň sosial ulgamlarynda peýda boldy. Çap edilen bellikde “žurnalistlerden aklawçylara çenli, emeldarlardan we deputatlardan başlap, bu göreşi goldamak üçin köçelere çykýan” ähli göreşiji hakynda gürrüň edilýär. "Biraz gorkunç bolan pursatlarynda hem olara tutanýerlilik we gaýduwsyzlyk arzuw edýärin" diýip, oppozisioner sözüniň üstüni ýetirýär. Читать дальше...

CPJ Özbek gullugynyň işgärlerine atylan "elhenç" haýbatlary derňemäge çagyrýar

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Özbegistanyň häkimiýetlerini geljek hepde geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň işgärlerine atylan köp sanly ölüm haýbatlaryny derhal derňemäge we žurnalistleriň howpsuz işlemegini üpjün etmäge çagyrýar. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasynyň 21-nji oktýabrda çap eden beýanatynda golaýda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň işgärlerine atylan “görlüp-eşidilmedik we elhenç” haýbatlara "anyk gaýtawulyň" berilmelidigi aýdylýar. Читать дальше...

Bilelikdäki “Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň onlaýn duşuşygy geçirildi

Azathabar.com 

21-nji oktýabrda bilelikdäki “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň ýigriminji mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Onlaýn arkaly geçirilen duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Ykdysadyýet, Bilim, Energetika ministrlikleriniň, "Türkmennebit", "Türkmengaz" döwlet konsernleriniň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdy. ÝB tarapyndan duşuşyga bileleşigiň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *