Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 28.10.2021

Lebabyň hassahanalarynda näsaglara berilmeli dermanlar "aşakdan üçünji şahslara satylýar"

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenabat şäherindäki käbir hassahanalarda medisina işgärleriniň arasynda "ýola goýlan özara peýdaly, bikanun hyzmatdaşlyk" barada habar berýärler. Saglyk bejergisini almak üçin hassahana ýerleşdirilen näsaglar dermanlary we medisina serişdelerini öz çykdajylarynyň hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, hassahanalaryň näsaglara berýän resminamalarynda, syrkawlaryň öz sözi bilen aýtsak, bu dermanlaryň we medisina serişdeleriniň hassahana tarapyndan üpjün edilendigi ýazylýar. Читать дальше...

Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energiýa söwdasy meselesi iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda, şeýle hem türkmen resmisiniň Eýranyň nebit ministri bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 26-28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy Eýrana sapar etdi. 26-njy oktýabrda Raşid Meredow Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň Daşary... Читать дальше...

Gazak obasyndaky mekdep dawasynyň pitnä ýazandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Hytaý bilen serhetde ýerleşýän etniki taýdan garyşyk obada mekdep okuwçylarynyň arasynda dörän çaknyşyklaryň bidüzgünçiliklere ýazmagy bilen, gazak polisiýasy iki sany jenaýat işini aýdy. Polisiýanyň aýtmagyna görä,  27-nji oktýabrda Hytaý serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýän Penjim obasynda, orta mekdep okuwçylarynyň arasynda dörän oňuşmazlyk özara çaknyşyklara alyp geldi. Polisiýa 16 ýaşly bir ýetginjegiň keselhana äkidilendigini aýtdy. Beýleki tassyklanmadyk habarlarda birnäçe adamyň ýaralanandygy öňe sürülýär. Читать дальше...

Russiýadaky syýasy tussaglaryň sany soňky bäş ýylda bäş esse köpeldi

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjylar Orsýetdäki tussaglaryň azyndan 420-sini syýasy tussag hasaplaýar. Bäş ýyl mundan ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende, bu ýurtdaky syýasy tussaglaryň möçberiniň bäş esse köpelendigini aňladýar. “Meduza” habar saýty bu netijäni Orsýetiň “Memorial” adam hukuklary merkezine salgylanyp çykarýar. “Memorialyň” sanawyndaky 420 tussagyň 360 sanysy dini sebäplere görä yzarlanýan adamlar bolup, olar esasan ýurtda gadagan edilen yslamçy guramalara goşulmakda aýyplanan musulmanlardan... Читать дальше...

Eýran Owganystanyň goňşulary bilen maslahat geçirdi

Azathabar.com 

Owganystan bilen serhetdeş ýurtlaryň wekilleri Tähranda duşuşyp, uruş sebäpli tozan ýurtda hökümetiň üýtgemegi bilen bagly çäreleri utgaşdyrmak babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 27-nji oktýabrda geçirilen maslahata Owganystan we Russiýa bilen serhetleşýän alty ýurduň daşary işler ministrleri gatnaşdy. Hytaýyň daşary işler ministri Waň Ýi wideo aragatnaşyk arkaly çykyp gürläp, BMG we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýaly köptaraply guramalaryň Kabuldaky “Talyban” hökümeti bilen terrorçylyga... Читать дальше...

"Talyban" BMG-niň serhede getiren ynsanperwer kömegini geçirmäge gyssanmaýar

Azathabar.com 

Talyplar tarapyndan döredilen hökümet BMG-nyň iberen ynsanperwer kömeginiň Termezden Owganystana geçirilmegine rugsat bermeýär diýip, ýerli habar serişdeleri BMG-niň Bosgunlar edarasynyň wekiline salgylanyp habar berdi. BMG-niň Bosgunlar edarasynyň 100 tonna ynsanperwer kömegi şu aýyň ortalarynda Termez Kargo merkezine gowşuryldy. Bu kömek ýük ulaglary bilen Owganystanyň Mazari-Şerif şäherine getirilmelidi. BMG-niň Bosgunlar edarasynyň wekiliniň sözlerine görä, Owganystana iberilmeli ýük henizem Termezde saklanylýar... Читать дальше...

Orsýetde we Ukrainada COVID-19 hadyslarynyň gündelik rekord görkezijileri hasaba alyndy

Azathabar.com 

Russiýa 28-nji oktýabrda gündelik koronawirus ýokuşmalarynyň we ýogalanlaryň sany boýunça rekord görkezijileri berdi. Resmi hökümet hasabyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 40 096 täze hadysa, 1,159 adamyň ýogalandygy habar berildi. Häzire çenli ýurtda bu dertden ölenleriň sany 235,000-den gowrak bolup, bu dünýäde ABŞ, Braziliýa we Hindistan ýaly ýurtlardan soň dördünji orun bolýar. Moskwa 28-nji oktýabrda diňe dermanhanalar we supermarketler ýaly esasy dükanlaryň açyk bolmagyna rugsat berip, bölekleýin petiklendi. Читать дальше...

Agdarylyşyk ýolbaşçylaryna edilýän basyş güýçlenýär, Sudan harbylary tutda-baslygy güýçlendirýär

Azathabar.com 

Sudanyň howpsuzlyk güýçleriniň harby agdarylyşykdan soň köp protestçini tussag etmegi bilen, halkara jemgyýetçiligi gaýtawul çärelerini güýçlendirdi. AFP habar gullugynyň habaryna görä, ýüzlerçe demonstrant Hartumyň gündogar etrabynda köçe barrikadalaryny sökýän howpsuzlyk güýçlerini daşlady. Howpsuzlyk işgärleri paýtagtyň demirgazygyndaky onlarça protestçä garşy göz ýaşardyjy gaz we rezin ok ulandy. Agdarylan hökümete ygrarly bolup galan Maglumat ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň paýtagtdaky gözegçiligini güýçlendirýändigini aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistan pul geçirmeleriň gümürtikliginden näme gazanýar we näme ýitirýär?

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlarda işläp ýurduna näçe pul ugradýar? Bu türkmen döwletiniň ykdysadyýetine we raýatlaryna nähili täsir edýär? Pul ibermegiň nähilli ýollary we problemalary bar? Bu sowallara Türkmenistanyň resmilerinden jogap ýok. Galyberse-de, türkmen hökümeti zähmet migrasiýasy we pul ibermek meselesi düýbünden ýok ýaly alyp barýar. Bu aralykda Türkmenistana degişli ujypsyz resmi sanlar we dünýädäki ykdysady prosesler esasynda çykaryan analitiki netijeler türkmen migrantlarynyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *