ABŞ-ly türgenleriň delegasiýasynyň Türkmenistana 10 günlük sapary tamam boldy
ABŞ-nyň sportuň uýgunlaşdyrylan görnüşi boýunça türgenleriniň, tälimçileriniň we dolandyryjylarynyň delegasiýasynyň Türkmenistana 10 günlük sapary 15-nji oktýabrda Aşgabatda guralan konferensiýa bilen tamamlandy diýip, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy 17-nji oktýabrda habar berdi.
Delegasiýa agzalary programmanyň çäginde mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň gatnaşýan sport çärelerini meşhurlaşdyrmak babatdaky tejribelerini paýlaşdylar we türkmenistanly kärdeşleri bilen okuw seminarlary, ussatlyk klaslary we Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda guralan dostlukly ýaryşlar arkaly pikir alyşdylar.
Amerikan türgenleriniň sapary sportuň uýgunlaşdyrylan görnüşleri bilen meşgullanýan türkmenistanly türgenleriň we tälimçileriň 2018-nji ýylyň noýabrynda Birleşen Ştatlara eden saparyndan soň gurnaldy. Bu sapar Wirjiniadaky Arkalaşyk uniwersiteti, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň mümkinçiligi çäkli adamlar üçin merkezi we regional klublary, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Döwlet departamentiniň sport diplomatiýasy edarasy tarapyndan goldanyldy.
Amerikan ilçihanasynyň websaýtynyň maglumatyna görä, saparyň kulminasiýasy Aşgabadyň Olimpiýa toplumynda “Sport bilen meşgullanmak arkaly şahsy mümkinçiligi ösdürmek” diýen at bilen geçirilen konferensiýa boldy.
“Hakykatdan-da, bu Birleşen Ştatlaryň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda görlüp-eşidilmedik hyzmatdaşlyk boldy, biz bu programmanyň üstünlikli bolandygyna we boljagyna örän buýsanýarys” diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Mätýu Klimou konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu ýerde bir programmanyň tamamlanmagy barada gürrüň edilmeýär, uzak möhletli dialogyň başlanandygy hakynda gürrüň edilýär.