Terrorda güman edilýän özüniň gynalandygyny aýdyp, görkezmesini yzyna alýar
2017-nji ýylda Orsýetiň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgyň metrosynda bolan otly partlamasynda güman edilen adam ozal aýdan zatlaryny gynamalar we gorkuzmalar astynda aýdandygyny aýdýar.
15 adamy öldüren, 65 adamy ýaralan hüjümi gurnamakda aýyplanan gyrgyz raýaty Abror Azimow 17-nji oktýabrdaky ýokary derejeli sudda federal howpsuzlyk gullugynyň ofiserleriniň özüni urup-ýenjendigini, kakasyny hem jogapkärçilige çekmek üçin, onuň öýünde partlaýjydan doldurylan ýangyn söndürijini goýjakdyklaryny aýdyp gorkuzandyklaryny gürrüň berdi.
"Gorkuzylandygym sebäpli men özümi günäkärlemeli boldum” diýip, Azimow sudda aýtdy.
Bu iş boýunça sud edilýänleriň ählisi, 11 adam, şol sanda Azimowyň dogany Akram, Merkezi Aziýanyň ozalky sowet respublikalaryndan bolup, özleriniň günäkär däldiklerini aýtdy. Olar suddan öň hem, apreliň başynda sud edilenlerinden soň hem özleriniň gynalandyklaryny gürrüň berdiler.
Sülçüler 2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde 22 ýaşly janyndan geçen bombaçy Akbarjon Jalilowyň, Gyrgyzystanda doglan özbek asylly rus raýatynyň iki stansiýanyň aralygynda bolan metro wagonynda bomba partladandygyny aýtdylar.
Ikinji partlaýjy stansiýanyň platformasynda goýuldy, emma ol tapyldy we zyýansyzlandyryldy.
Abror Azimow biraz soň bu hüjümi planlaşdyran diýip yglan edildi.ol ýene 10 adam bilen terrorçy toparyň agzasy bolmakda, terrorçylygy goldamakda, partalýjy maddalary bikanunöndürmekde we satmakda aýyplandy.