BMG-niň Aşgabatdaky emeldarlary adam hukuklary ugrundaky göreşe çagyrýar
BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň işgärleri bu ýyl 10-njy dekabrda bellenilýän Halkara adam hukuklary gününde pandemiýa döwründe “Recover Better — Stand Up for Human Rights” (Gowy gutul – Adam hukuklary üçin göreş) şygarlary astynda geçirilýän halkara adam hukuklary çäresine goşuldy.
BMG-niň Aşgabatdaky guramalarynyň, BMG-niň Ösüş programmasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, ÝUNISEF-iň, BSG-nyň, BMG-niň Neşelere we jenaýatçylyga garşy gullugynyň wekilleri, şeýle hem Halkara Migrasiýa guramasynyň Aşgabat ofisiniň wekilleri bu çäräniň “Recover Better — Stand Up for Human Rights” şygary ýazylan kagyz bilen surata düşüp, olary resmi Facebook sahypalarynda çap etdiler.
“Bu ýyl Adam Hukuklary Gününiň mowzugy - Has gowulaşmak - Adam Hukuklaryny Goramak. Global maksatlaryna diňe hemmeler üçin deň mümkinçilikleri döretmek bilen ýetip bolar. Biz COVID-19 sebäpli ýüze çykan we onuň ýaýramagyna sebäp bolýan päsgelçilikleri ýeňip geçip, adam hukuklarynyň ülňilerini - çuňňur ornaşyp giden, yzygiderli we milletara deňsizliklere, daşlaşma we diskriminasiýa garşy göreşmek üçin ulanmalydyrys" diýip, guramanyň ýene bir habarynda aýdylýar.
"Adam Hukuklary Gününde, geliň, isleýän dünýämizi täzeden gurmak üçin adam hukuklarynyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny gaýtadan tassyklalyň!” diýip, BMG resmilerin türkmen dilinde ýazýar.
Daşary ýurtlardaky garaşsyz türkmen saýlary bu habary çap edip, Türkmenistanda feýsbugyň petiklenendigini, BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň resmi saýtynda bu aksiýa barada habar berilmeýändigini belleýärler.