Özbekler Russiýada ýol hereketiniň bozulmagy boýunça daşary ýurt graždanlarynyň arasynda rekord goýdy
Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň 2020-nji ýylyň dokuz aýyndaky maglumatlaryndan görnüşi ýaly, özbekler ähli daşary ýurt graždanlarynyň arasynda, ýol hereketiniň düzgünini bozmakda rekord goýdy. Ikinji orny Gyrgyzystanyň graždanlary eýeledi. Täjikler üçünji ýerde. Ýöne ýol heläkçiliginiň sany degişlilikde 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende azalypdyr.
Şu wagta çenli rus polisiýasy diňe ýolagçylaryň gatnaşmagynda bolýan ýol hadysalary barada jemleýji maglumatlary çap edýärdi, ýöne indi ýurtlar tarapyndan bölünişik görkezilýär.
Eýsem näme üçin Merkezi Aziýanyň graždanlary ýol-transport düzgünlerini bozmakda, iň ýokary ýerde durýar?
Ýalpyldap duran derejede ýuwlan awtoulag, iş kostýumy hem-de ulagy seresaply sürmek, gymmat bahaly biznes derejeli taksi sürüjisiniň berk aýratynlygy bolup durýar diýip, bu ugurda birnäçe ýyl bäri işleýän Kanat Umetbekow aýdýar.
Ol Moskwada işlän döwründe, maşyny bökdençsiz sürmekde esasy faktor sürüjiniň ussatlygyna bagly diýen netijä gelipdir. Diňe şondan soň beýleki sebäpler – howa ýagdaýlary, marşrutyň çylşyrymlylygy we metropolyň köp gatnawy ýaly şertler sürüjä täsir edýär. «Tygşytly hak tölenýän, ýagny arzan taksilerde sürüjileriň ukyby tapawutlanýar, beýle taksi sürýänler köpräk gazanç etmek maksady bilen 12 -14 sagatlap işleýärler» diýip, Kanat düşündirýär.
Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol hereketiniň howpsuzlygy ylmy merkeziniň habaryna görä, 2020-nji ýylyň dokuz aýynda ýurtda 105 müňden gowrak ýol hadysasy hasaba alyndy. Olardan 3,5 müň düzgüni bozma daşary ýurt graždanlaryna degişli, şol sanda 2 müňden gowrak hadysa Merkezi Aziýadan gelen immigrantlaryň ýalňyşlygy sebäpli bolupdyr.
Russiýada daşary ýurtly sürüjiler sebäpli bolan ýol heläkçiliginiň statistikasy
Graždanlaryň ýalňyşy bilen dörän ÝHH sany
Ýol heläkçiliginde ölenleriň sany
Sürüjileriň ýalňyşlygy sebäpli şikes alan graždanlar
Özbegistanlylar
797
58
1080
Gyrgyzystanlylar
701
30
905
Täjigistanlylar
599
76
818
Umumylykda, daşary ýurtly sürüjileriň ýalňyşy bilen ýüze çykýan ýol hadysalary we onda ölenleriň sany 18,4% azalypdyr.
Russiýada «Gök çelekler» ady bilen tanalýan jemgyýetçilik hereketi awtoulaglaryň hem-de depesinde ýalpyldawuk çyralary bolan ulaglaryň düzgün bozmalaryna garşy göreşýär. Bu hereketi ugrukdyryjy Ýuliýa Kablinowanyň aýtmagyna görä, Içeri işler ministrliginiň daşary ýurtlular bilen baglanyşykly heläkçilikler baradaky statistikasynda esasan taksi sürüjileri bar, olaryň arasynda Merkezi Aziýadan immigrantlar has köp. Bilermeniň pikirine görä, heläkçiligiň sebäpleri: sürüjileriň hünär derejesiniň pes bolmagy hem-de iş şertleriniň aşa agyrlygydyr.
Sargytlary paýlaýan agregatorlar sürüjiniň iş mümkinçiligini kadalaşdyrmakdan ýüz öwürýärler diýip, Ýuliýa Kablinowa belleýär. «Ýene bir kynçylyk professional we höwesjeň sürüjilik şahadatnamalary bilen baglanyşykly, bizde olara tapawut goýulmaýar. Şol sebäpli-de, kim ruluň başynda arkaýyn oturyp bilse, hünäri kämil bolmasa-da, ol professional sürüji hökmünde işleýär» diýip, Ýuliýa Kablinowa aýdýar.
Ýol heläkçiliginiň sanyna taksi baradaky kanun hem täsir edip biler. Ol kanuna gaýtadan seretmek baryp 2018-nji ýylda Döwlet Dumasyna iberildi, hatda ol birinji okalanda kabul edildi, ýöne 2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda taksi kompaniýalaryna ýa-da agregatlaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli degişli komitet resminamany ret etdi.
Material Azatlyk Radiosynyň "Nastoýaşeýe Wremýa" ("Häzirki zaman") kanaly tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.