“Talyban” Owganystanyň demirgazygyndaky ýene bir welaýat merkezine hüjüm etdi
![“Talyban” Owganystanyň demirgazygyndaky ýene bir welaýat merkezine hüjüm etdi](https://gdb.rferl.org/7eeb8120-6c16-4bc2-a8ca-ca887f3e22af_w800_h450.jpg)
“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazygyndaky welaýatlaryň ýene biriniň paýtagtyna hüjüm etdiler. Bu aralykda, owgan resmileri jeňçileriň raketa hüjümleriniň öňüni almak üçin, paýtagt Kabulyň aeroportynda howa hüjüminden goranyş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny habar berdiler.
1-nji maýda halkara güýçleri ýurtdan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanandan bäri, “Talyban” Owganystanyň 423 etrabynyň üçden birini öz gol astyna geçirdi. Bu Kabul hökümetiniň synyp biljekdigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy.
Owgan resmileri 11-nji iýulda hökümet güýçleriniň Täjigistan bilen serhetleşýän Takhar welaýatynyň paýtagty Talokana edilen hüjümi yzyna gaýtarmagy başarandyklaryny aýtdylar.
“Duşmanlaryň hüjümleri yzyna gaýtaryldy. Olar agyr we ozal görlüp-eşidilmedik ýitgilere duçar boldular. Çaknyşyklarda duşmanyň 55 esgeri öldürildi we 90 sanysy ýaralandy” diýip, Takharyň häkimi Abdullah Karluk belledi. Onuň bu aýdanlaryny tassyklatmak mümkin däl.
Goranmak ministrligi Talokanyň töweregindäki sebitlerde “Talybana” garşy howa hüjüminiň amala aşyrylandygyny we munuň netijesinde onlarça jeňçiniň öldürilendigini belledi.
Talokan jeňçileriň hüjüm eden ýurduň soňky welaýat merkezleriniň biri boldy.
Geçen hepdäniň başynda “Talyban” ýurduň demirgazyk-günbataryndaky, şol sanda Türkmenistan bilen hem serhetleşýän Badgis welaýatynyň merkezi Kala-e Naw şäherine girdiler. Jeňçiler polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň desgalaryny ele geçirdiler, şeýle-de ýörite güýçler olary yza çekilmäge mejbur etmezinden ozal, welaýat häkiminiň edarasyny hem basyp almaga synanyşdylar.
Türkmenistanyň Owganystan bilen 800 km töweregi serhet araçägi bolup, “Talyban” türkmen serhediniň golaýyndaky sebitleriň aglabasyny hem öz gözegçiligine geçirdi.