Hytaýly milliarder hökümeti tankytlandan soň 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Hytaý häkimiýetleri kommunistik partiýanyň tanymal tankytçysy, milliarder Sun Dawu "ýigrenji öjükdirmekde" aýyplap, 18 ýyl azatlykdan mahrum etdi we oňa üç million ýuan möçberinde jerime saldy.
Ol märekäni döwlet edaralaryna küşgürmekde, bikanun telekeçilik etmekde, bikanun ýer almakda, “ýakymsyz ýagdaýlary” döretmekde günäkär hasaplandy diýip, “South China Morning Post” gazeti Gaobeýdýan şäher halk kazyýetiniň dördünji gün çykaran hökümine salgylanyp habar berdi.
67 ýaşly Sun Dawu takmynan 9000 adamyň işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçysydy. Ol 2019-njy ýylda 100 milliondan gowrak doňzuň ölmegine sebäp bolan afrikan doňuz dümewi epidemiýasynyň ýetiren zyýanlaryny bassyr-ýussur etmek synanyşygynda aýyplap, hökümeti açyk tankytlamaga het eden az sanly adamlaryň biri boldy.
Ol CNN telekanalyna beren interwýusynda ýerli häkimiýetleriň diňe gyrlan haýwanlaryň suratlaryny internetde ýerleşdirip başlandan soň, öz mallaryny gaýtadan barlamaga razy bolandygyny aýtdy.
Soňy bilen, “Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, telekeçi döwlet fermasy bilen ýer dawasyna çekilýär. Millioneriň sözlerine görä, onuň işgärleri döwlet hojalygynyň işgärleriniň “Sun Dawu” kompaniýasyna degişli binalaryň birini ýykmagynyň öňüni almaga synanyşanlarynda polisiýa bilen çaknyşyp, ejir çekipdir.
Hytaýyň hukuk goraýjylary bu hökümi "adam hukuklaryny goldaýandygy sebäpli, Suny jezalandyrmak üçin edilen aç-açan synanyşyk" diýip atlandyrdylar. Aktiwistleriň sözlerine görä, Sun ömrüni Hytaýyň gyrak-bujaklarynda ýaşaýan oba ilatynyň aladasyny etmeklige bagyşlady.