Owgan paýtagtynda bolan ulag partlamasynda onlarça adam öldi
Kabulyň merkezindäki köp adamly ýeri nyşana alan ulag bombasy partlanda, azyndan 20 adam öldi, 110 çemesi adam bolsa ýaralandy.
Saglyk ministriniň sözçüsi Wahidullah Majrooh pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, ýaralylaryň getirilmeginiň dowam edýändigini aýtdy.
“Talyban” jeňçi toparynyň sözçüsi Zabihullah Mujahid bu hüjümiň arkasynda öz toparynyň durandygyny habar berdi.
Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümçiler barlag nokatlaryndan geçmek üçin “Tiz kömek” maşynyny ulanypdyrlar.
Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Haknawaz Hakýar bu hüjümiň 27-nji ýanwar güni irden Sadarat skwerinde, köp sanly hökümet binalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we dükanlaryň golaýynda bolandygyny aýtdy.
Bu hüjüm “Intercontinental” myhmanhanasyna edilen hüjümiň yz ýanyna gabat geldi, şol hüjümde azyndan 25 adam öldürildi.
27-nji ýanwarda bir janyndan geçen bombaçy Helmand welaýatynda howpsuzlyk güýçlerini nyşana aldy we atylyp öldürilmezinden öň azyndan alty adamy ýaralady.
26-njy ýanwarda bolsa, Gazni welaýatynda atylan raketa alty adamy, şol sanda çagalary öldürdi diýip, owgan resmileri aýtdy.