Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 22.01.2018

Tillerson Londonda Eýran meselesiniň ‘boşluklaryny’ maslahat eder

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Ýewropa ýurtlaryna edýän bir hepdä golaý saparynyň dowamynda, ilkibaşdan 22-nji ýanwarda Londonda Britaniýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar. Ol soňra Pariže, Warşawa barar, şeýle hem Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek Bütindünýä ykdysady foruma gatnaşar.

Berdimuhamedow öz kitaby esasynda film döretmegi tabşyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynyň çuňňur many-mazmunyny beýan edýän täze ýokary çeperçilikli filmleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy rekord derejä ýetdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlary soňky ençeme ýylyň dowamynda rekord derejesine baryp ýetdi. Şu günler dollar söwdagärleri 1 amerikan dollaryny ortaça 11,50 manatdan satyn alýarlar, satanlarynda bolsa 12 manatdan satýarlar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy amerikan býujeti kabul edilýänçä ýapyk boljagyny yglan etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Senaty federal hökümetiň maliýeleşdirilmegine degişli wagtlaýyn çäreler boýunça ses berişligi 22-nji ýanwara çenli yza tesdirdi. Ak Tamyň we Kongressiň maliýe kanun boýunça ylalaşyga gelip bilmändigi sebäpli 20-nji ýanwarda hökümet öz işini ýatyrdy. Bu ýagdaý bilen baglylykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Amerikan merkeziniň ýapylýandygyny yglan etdi. “ABŞ-da hökümetiň býujet serişdeleriniň kabul edilmeginde ýüze çykan böwşeňlik sebäpli Aşgabat şäherinde ýerleşýän Amerikan merkezi goşmaça habar berilýänçä ýapyk bolar” diýlip... Читать дальше...

Nýu Ýorkda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy

Azathabar.com 

Nýu Ýorkda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. "C5+1" formatynda geçirilen gepleşiklerde regional howpsuzlygy we döwrüň howplaryna garşy durmak meseleleriniň ara alnyp maslahat edilendigi, Özbegistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp, media serişdeleri habar berdi. Nýu Ýorkda geçirilen maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Salliwan, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri, şeýle-de Türkmenistanyň... Читать дальше...

Eýranyň parlament topary tussag protestçileriň ýanyna goýberiler

Azathabar.com 

Eýranyň mediasy parlament agzalaryna dekabr aýynyň aýagynda başlanan hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilenleriň ýanyna barmaga rugsat berilendigini habar berýär. Parlamentiň adalat komitetiniň metbugat wekili Hassan Norouziniň “biziň arzamyz şu gün makullandy” diýendigini ýarym resmi ISNA habar agentligi 21-nji ýanwarda habar berdi. Media maglumatlaryna görä, komitetiň agzalarynyň uly bolmadyk toparyna 28-nji ýanwarda Tähranyň Ewin türmesine tussaglaryň ýanyna sapar etmegine rugsat berilipdir. Читать дальше...

Tillerson Londonda Eýran meselesini maslahat eder

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Ýewropa ýurtlaryna edýän bir hepdelik saparynyň başynda 22-nji ýanwarda Londonda Britaniýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar. Şeýle-de, Tillerson Pariže, Warşawa barar we Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek ykdysady foruma gatnaşar. Resmileriň aýtmagyna görä, Tillersonyň ABŞ-nyň ýaranlary bilen geçirjek gepleşiklerinde Eýran bilen bagly tema esasy orun tutar. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa edýän bu sapary Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek... Читать дальше...

Kabul: Howpsuzlyk resmileri myhmanhana edilen hüjümde azyndan 30 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar

Azathabar.com 

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri “Talyban” toparynyň Kabulyň “Intercontinental” myhmanhanasyna eden hüjüminde azyndan 30 adamyň wepat bolandygyny habar berýärler we adam pidasynyň ýene köpeljegini çak edýärler. Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Wahid Majrohyň 21-nji ýanwarda aýtmagyna görä, 19 adamyň jesedi şäheriň keselhanalaryna eltilipdir. Resmiler wepat bolanlaryň arasynda 14 daşary ýurt raýatynyň bolandygyny mälim etdiler. Emma Owganystanyň howpsuzlyk resmileri heläk bolanlaryň sanynyň 30 adamdan geçendigini... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *