Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 17.01.2018

Aşgabat – Mary: ‘Ýol azaby – gör azaby’

Azathabar.com 

Baryp Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda gurluşygna başlanan Aşgabat - Mary ýolunyň gurluşygnyň şu güne çenli-de tamamlanmaýanlygyndan, sürüjiler zeýrenýärler.

Russiýa: Kämillik ýaşyna ýetmedik iki oglan mekdebe hüjüm etmekde aýyplanýar

Azathabar.com 

Russiýanyň häkimiýetleri şu hepdäniň başynda Perm şäherindäki mekdebe amala aşyrylan hüjümde azyndan 12 okuwçy ýaralanandan soň, kämillik ýaşyna ýetmedik iki oglany adamlary öldürmäge synanyşmakda aýyplaýarlar. Rus häkimiýetleri bu wakanyň öňünden planlaşdyrylandygyny aýdýarlar. Russiýanyň Derňew Komitetiniň ýaýradan beýanatyna görä, gürrüňi edilýän oglanlaryň biri şäheriň 127-nji mekdebinde 10-njy klasda okaýar we beýlekisi bu mekdebiň öňki okuwçysy bolup, olar keselhanadan çykarylandan soň tussag ediler. Читать дальше...

Pragada Karl IV-niň täji halka görkezilýär

Azathabar.com 

Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada adamlara Karl IV-niň täjini görmäge mümkinçilik döredildi. Tomaşaçylar indi bu imperiýa simwolyny bir hepdäniň dowamynda görüp bilerler. Azatlyk Radiosy bu barada "Reuters" neşiriniň maglumaty esasynda wideo reportaž taýýarlady.

Orsýetli prawoslaw ruhany çaga zorlamakda 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň prawoslaw ruhanysy çaga zorlamak aýyplamalarynda günäli tapylyp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. 17-nji ýanwarda Leningrad regionyndaky Priozersk şäheriniň sudy Gleb Grozowskiýe garşy karar çykardy. Sud Grozowskiýni 2011-nji ýylda Priozerskiň golaýynda ýerleşýän Konewets adasyndaky Rus prawoslaw tomus lagerinde ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen jynsy gatnaşyga girmekde günäli tapdy. Şol döwür Grozowskiý Sankt-Peterburgdaky ybadathanada ruhany bolup işleýärdi. Şeýle-de... Читать дальше...

‘Memorial’ Inguşystandaky ofisiniň ‘terror’ hüjüminiň netijesinde otlanandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez özüniň Inguşystandaky ofisiniň “terrorçylykly” hüjümiň netijesinde otlanandygyny we munuň edarany Demirgazyk Kawkazdan gysyp çykarmak kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýar. “Memorial” merkeziniň tanymal agzalarynyň biri Oleg Orlow 17-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda hüjümçileriň gijäň ýary merkeziň Nazran şäherindäki ofisini otlandygyny aýtdy. Soňky ýyllarda azyndan bir aktiwistiň öldürilmegine... Читать дальше...



Moskwada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisi açyldy

Azathabar.com 

15-nji ýanwarda Russiýanyň paýtagty Moskwadaky “Tişinka” sergi kompleksinde “Týubeteýka” atly gündogar bazary açyldy. Moskwalylaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň däp-dessury we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçiligi boldy diýlip, “CA-News” habar agentligi “Weçernýaýa Moskwa” neşirine salgylanyp habar berýär. Habar agentligi özüniň 16-njy ýanwarda çap eden maglumatynda serginiň geçirilýän meýdançasynyň üç bölege bölünendigini, olarda harytlaryň satylýandygyny, milli el hünärleriniň sergide görkezilýändigini... Читать дальше...

FH: Türkmenistan ‘ýamanyň ýamanynda” galýar

Azathabar.com 

Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde demokratiýanyň ýagdaýy boýunça nobatdaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistan “ýamanyň ýamany” atly ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *