Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 29.01.2018

Türk dilinde gepleýän türkmenleriň sany "artýar"

Azathabar.com 

Türkmenistanda daşary ýurt telekanallaryna tomaşa edýän ilatyň sanynyň barha artýandygyny, munuň bilen bir wagtda türkmen dilinde däl-de, türk ýa-da rus dillerinde gürleýän adamlaryň, hususan-da, ýaşlaryň barha köp göze ilýändigini Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.

Putin Netanýahu bilen duşuşar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen 29-njy ýanwarda Moskwada duşuşar. Iki lideriň arasynda geçjek gepleşikler, beýleki temalar bilen birlikde, Siriýada barýan konflikt, şeýle hem Eýranyň regiondaky gatnaşyklary hakda bolar diýip çaklanýar.

Ýerli resmiler: prezidenti aldaýarlarmy ýa-da ilaty?

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidentiniň welaýatlara saparlary wagtynda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, edara-kärhanalaryň işgärleriniň köp köseniçliklere hem çykdajylara sezewar bolýandygy hakda maglumatlar artýar.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bellendi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bellendi. Resmi maglumatlara görä, 28-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow by wezipä ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary Hoşgeldi Mergenowy wagtlaýyn belledi. Türkmenistanyň senagat ministri we onuň wezipesinden çetleşdirilmeginiň sebäpleri barada resmi media habar bermedi. Bu habar Türkmenistanyň prezidentiniň nobatdaky uly kadrlar çalyşygynyň yzýanyna gabat geldi. 26-njy ýanwarda G.Berdimuhamedow hökümet baştutanynyň üç sany täze orunbasaryny belledi... Читать дальше...

Türkmen prezidenti Kabuldaky hüjümler sebäpli Owganystanyň prezidentine gynanç bildirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kabulda bolan terraktyň adam pidalary sebäpli Owganystanyň prezidentine gynanç bildirdi. Türkmenistanyň prezidenti ýurduň halkynyň we hökümetiniň adyndan we öz adyndan wepat bolanlaryň maşgalalaryna, hossarlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdi diýip, ýurduň milli mediasy Kabulyň diplomatik kwartalynda bolan we jogapkärçiligi “Talyban” topary tarapyndan öz üstüne alnan partlama bilen baglylykda 29-njy ýanwarda habar berdi.  Owgan resmileri... Читать дальше...

Türkmen prezidenti üçin täze “Boing” uçarynyň taýýarlanýandygy aýdylýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň uçar öndüriji “Boing” kompaniýasy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna nobatdaky ýolagçy uçaryny eltmäge taýýarlanýar diýlip, gündogar.org websaýtynda çap edilen maglumatda habar berilýär. Maglumata görä, uçaryň ilkinji uçuşy 2018-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda amala aşyrylypdyr we oňa EZ-A700 nomeri berlipdir. Bu nomer öň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ulanan “Boing-767” kysymly uçaryna berlipdi diýlip, maglumatda bellenýär. Saparmyrat Nyýzowyň uçary... Читать дальше...

AŞTU proksi ulanyjylarynyň internetini kesýär

Azathabar.com 

Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) internet müşderileri proksi serwerleri arkaly petikli saýtlara girjek bolanlarynda, özleriniň WiFi internet arabaglanyşygynyň kesilýändigini aýdýarlar.

Orsýetde saýlawlary boýkot etmek boýunça ýörişde 350 adam tussag edildi

Azathabar.com 

Orsýetde prezidentlik saýlawlaryny boýkot etmek çagyryşy boýunça 28-nji ýanwarda geçirilen ýörişlerde azyndan 350 adam, şol sanda oppozision lider Alekseý Nawalnyý tussag edildi. Korrupsiýa garşy çykyş edýän oppozision syýasatçy Nawalnyý 1000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda Moskwanyň Twerskaýa köçesinde geçirilen ýörişe goşulan badyna polisiýa tarapyndan süýrelip, awtobusa mündürildi. “Meni tussag etdiler. Zyýany ýok. Twerskaýa geliň. Siz meniň üçin däl-de, emma özüňiz we öz geljegiňiz üçin gelýärsiňiz” diýip... Читать дальше...

Kabulda söweşijileriň hüjüminde 11 harby wepat boldy

Azathabar.com 

Owganystanyň Goranmak ministrligi söweşijileriň Kabulyň esasy harby akademiýasynyň golaýyndaky harby binasyna eden hüjüminde 11 harbyny öldürendigini we 16 adamy ýaralandygyny habar berdi. Ministrligiň metbugat-wekili Dawlat Waziri 29-njy ýanwarda Marşal Fahim harby akademiýasynyň goragyna jogapkär güýçlere garşy amala aşyrylan hüjüme bäş söweşijiniň gatnaşandygyny habar berdi. Waziriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, iki hüjümçi özlerini partladypdyr we beýleki ikisi ok atyşykda öldürilipdir, ýene biri ele salnypdyr. Читать дальше...

Täjigistanyň dört raýaty Moskwada ýangynda heläk boldy

Azathabar.com 

Täjigistanyň dört raýaty Moskwanyň etegindäki Krasnogorsk şäherinde bolan ýangynda wepat boldy. Orsýetiň derňew komitetiniň metbugat wekili Olga Wradynyň 29-njy ýanwarda aýtmagyna görä, 28-nji ýanwarda bolan ýangynda 48 ýaşly täjik zenany we onuň alty ýaşly agtygy wepat bolupdyr, 48 ýaşly täjigistanly adam we onuň 13 ýaşly agtygy soňra keselhanada ýogalypdyr. Wrady dokuz adamyň bir jaýy kireýne alyp ýaşandygyny habar berdi. Ýangynyň döremeginiň sebäpleriň derňelýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *