Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 25.01.2018

'Türkmenhimiýa' döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi. "Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen, wezipe borçlaryny kada laýyk berjaý etmändigi, kesgitlenen tabşyryklaryň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmändigi üçin 'Türkmenhimiýa' döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýewe Nyýazly Meredowiçe käýin berildi” diýlip, prezidentiň metbugat gullugy 24-nji ýanwarda habar berdi. Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bellenipdi. Читать дальше...

Erdogan Siriýada serhetaşyr operasiýalary dowam etdirmegi wada berdi

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Siriýanyň demirgazygynda Afrin şäheriniň kürtleriň gözegçiligindäki bölegine garşy serhetaşyr operasiýalary güýçlendirmek wadasy Ankaranyň ýaranlarynyň ençemesinde aladalanma döretdi. Erdoganyň 24-nji ýanwarda eden bu çykyşy onuň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň yzýanyna gabat geldi. Tramp Erdogany “türk we amerikan goşunlarynyň arasynda konfliktiň töwekgelçiligini döredip biljek islendik hereketden saklanmaga” çagyrdy. Читать дальше...

Türkmenistan dinçileriň sany boýunça Merkezi Aziýada ikinji ýerde agzalýar

Azathabar.com 

Britaniýanyň The Telegraph neşriniň sanawyna laýyklykda, Türkmenistan dinçileriniň sany boýunça Merkezi Aziýada ikinji ýerde durýar.   Neşriň dünýä ýurtlarynyň dinçiligi boýunça reýting barlaglaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 80% özlerini dinçi diýip görkezipdir. Maglumata görä, regionda dinçileriň sany boýunça birinji ýerde Täjigistan barýar, bu ýurtda dinçileriň ilatyň 85%-ni emele getirýändigi aýdylýar. Gyrgyzystanda ilatyň 72%, Gazagystanda 64% we Özbegistanda 51% özleriniň dinçidigini aýdypdyr. Читать дальше...

ABŞ Kabulda 4 amerikan raýatynyň wepat bolandygyny tassyklady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Owganystanyň paýtagtynda “Intercontinental” myhmanhanasyna edilen hüjümde dört sany amerikan raýatynyň wepat bolandygyny we ikisiniň ýaralanandygyny tassyklady. “Talyban” toparynyň 20-nji ýanwarda agşam Kabulyň kaşaň myhmanhanasyna eden hüjüminde azyndan 30 adam, şol sanda 14 daşary ýurtly heläk bolupdy. Metbugat wekili Heather Nauert 24-nji ýanwarda eden çykyşynda Döwlet departamentiniň jikme-jikleri berip bilmejegini aýtdy. “Biz ABŞ-nyň dört raýatynyň wepat bolandygyny... Читать дальше...

Tramp Şweýsariýa geçiriljek dünýä ykdysady forumyna ugrady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Şweýsariýada geçiriljek dünýä ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Waşingtondan Dawosa gaýtdy. Ak Tam Trampyň bu sapardan ABŞ-nyň biznesini öňe sürmek we ABŞ-nyň hem global ykdysadyýetiniň ösüşi boýunça öz tagallalaryny mälim etmek üçin peýdalanmagy planlaşdyrýandygyny habar berdi. Trampyň 25-nji ýanwarda duşuşyklaryň ençemesini geçirmegine, şol sanda Britaniýanyň we Ysraýylyň premýer-ministrleri Tereza Maý we Benjamin Netanýahu bilen duşuşmagyna garaşylýar. 24-nji... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *