Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 12.01.2018

Trampyň ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýa ýeňilliklerini saklap galýandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Media maglumatlarynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň dünýäniň güýçli döwletleri bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygynyň çäklerinde, Eýrana bagyş edilen sanksiýa ýeňilliklerini dowam etdirmegi kararlaşdyrandygy, onuň häzirlikçe ylalaşyga el degirmeýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady banky VISA kartlarynyň işlemegi üçin ýörite resminamany talap edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň banklarynyň müşderileri öz VISA kartlaryndan daşary ýurtlarda peýdalanyp ýa-da daşary ýurt walýutasynda nagt pul çekip bilmän, nagt bolmadyk tölegleri-de töläp bilmän kösenýärkä, ýurduň Daşary ykdysady banky kartlaryň işläp başlamagy üçin, ýörite resminamany talap edýär. Bu täze düzgün bilen baglylykda, Azatlyk Radiosyna 11-nji ýanwarda türkmenistanly diňleýjilerden gowşan maglumatda şeýle diýilýär: “Şu gün Daşary ykdysady banka barsak, täze düzgün çykdy diýdiler. Indi her VISA kartyň... Читать дальше...

Türkmenistanlylar ýatyrylan Hatyra gününi belleýär

Azathabar.com 

Şu gün Türkmenistanda 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasynyň rus patyşasynyň goşunlarynyň öňünde synan güni we bu sene ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda resmi taýdan Hatyra güni diýlip yglan edildi.

Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”

Azathabar.com 

Aşgabatda hususy awoulaglary ak reňke boýatmak çäresi başladylandan soň, häzirki wagtda ýaşaýjylaryň ulaglary bilen baglylykda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyna üns çekilýär.

Trampyň Eýranyň sanksiýa ýeňilliklerini saklap galýandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Media serişdeleriniň maglumatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýrana bagyş edilen sanksiýa ýeňilliklerini dowam etdirmek hakda karara gelip, ylalaşygy häzirlikçe üýtgewsiz galdyrandygy habar berilýär. 11-nji ýanwarda “Reuters”, “The New York Times” we “Bloomberg” neşirleri Trampyň kararyny bilýän adamlara salgylanyp, Ak tamyň bu barada 12-nji ýanwarda yglan etjekdigini mälim etdiler. Читать дальше...



Trampyň Eýranyň sanksiýalaryny gowşatmagy dowam etdirmek barada karara gelendigi aýdylýar

Azathabar.com 

Media serişdeleriniň maglumatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýrany sanksiýalardan gowşatmak baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak hakda karara gelip, ylalaşygy häzirlikçe üýtgewsiz galdyrandygy habar berilýär. 11-nji ýanwarda “Reuters”, “The New York Times” we “Bloomberg” neşirleri Trampyň kararyny bilýän adamlara salgylanyp, Ak tamyň bu barada 12-nji ýanwarda yglan etjekdigini mälim etdiler. Читать дальше...

Azerbaýjanyň prokurory žurnaliste 8 ýyl kesilmegini isleýär

Azathabar.com 

Azerbaýjanda geçirilen ýokary derejeli sud diňlenişiginde prokuror ýurduň sudundan žurnalist Afkan Muhtarlyny sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady. 12-nji ýanwarda Muhtarlynyň sud diňlenişigi tamamlananda, döwlet prokurory Azerbaýjanyň demirgazygyndaky Balakan etrap suduny žurnalisti bikanun serhetden geçmekde, nagt puluň kontrabandasynda we resmilere hüjüm etmekde günäli tapmaga çagyrdy. Žurnalist prezident Ylham Aliýewiň töweregindäki korrupsiýa şübheleri barada ýazan makalalary bilen ilteşikli öz howpsuzlygyndan alada edip... Читать дальше...

Türkmenistan amerikan syýahatçylary üçin iň az töwekgelçilikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan syýahatçylaryna sapar etmegi maslahat berýän we bermeýän ýurtlarynyň sanawyny täzeläp, onuň soňky görnüşini çap etdi. Bu sanawda Türkmenistan amerikan syýahatçylary üçin iň az töwekgelçilikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi. 10-njy ýanwarda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, bu sanawda amerikan syýahatçylarynyň sapar etmegi üçin dünýäniň ähli ýurtlary howpsuzlyk derejesi boýunça dört kategoriýa bölünýär. Читать дальше...

Marsdaky buz gory geljekde barlagçylar üçin potensial suw çeşmesi bolup biler

Azathabar.com 

Marsda üsti açylan ägirt uly buz gory geljekde barlag geçirijiler üçin potensial suw çeşmesi bolup biler diýip, Birleşen Ştatlaryň ylmy barlagçylary aýdýarlar. NASA-nyň orbita kosmiki gämisinden düşürilen suratlary nazara alyp, alymlar sekiz buz meýdançasyny ýüze çykardylar. Olaryň käbiriniň çuňlugy bir metre, käbiri 100 metre çenli ýetýär diýlip, 11-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň “Science”, ýagny “Ylym” žurnalynda çap edilen raportda aýdylýar. Marsda buzuň bardygy eýýäm köp wagt bäri bilinýändigine garamazdan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *