Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Özbek prezidenti Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini aýtdy

0
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Miziýoýew Täjigistana eden saparynyň dowamynda, iki goňşy ýurduň arasyndaky ençeme ýyl dowam eden dartgynlylykdan soň, has berk iki taraplaýyn gatnaşyklary gurmagy wada berdi.


Täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen Duşenbede geçiren gepleşiklerinde Mirziýoýew: “Daşkent Duşenbe bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürer” diýip, belledi.


Gepleşikleriň netijesinde 27 ylalaşyga gol goýuldy. Şeýle-de, iki döwletiň raýatlarynyň birek-bireginiň ýurtlarynda 30 güne çenli wizasyz galmaga mümkinçilik berjek ylalaşyga gelindi.


Rahmon özbek prezidentiniň 9-10-njy mart aralygyndaky iki günlük saparyny “wajyp we möhüm” diýip, häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol Täjigistanyň “Özbegistanyň regional hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryny goldajakdygyny” hem sözüne goşdy.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *