Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 29.03.2018

Aşgabatda protokol köçeleriniň gabadynda goýlan ulaglar boýunça gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde protokol köçeleriň, ýa-da bu köçelere ýanaşyk ýollaryň ugrunda awtoulaglary goýmak boýunça häkimiýetleriň girizen gadagançylygy öz güýjünde dowam edýär we soňky döwürde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň bu düzgün boýunça gözegçiligi güýçlendirendigini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 29-njy martda ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Günorta Sibirde öýleri sil aldy, adamlar ewakuasiýa edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň günorta Sibir sebitindäki Tywa respublikasynyň hökümeti garyň eremegi netijesinde regionyň sil suwundan ejir çekýändigini aýdýar. 29-njy martda Tywa hökümetiniň ýaýradan beýanatynda Gyzyl etrabynda siliň gelmegi sebäpli 88 öýe zeper ýetendigi we munuň ýüzlerçe adama täsir ýetirendigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, halas ediş gullugynyň işgärleriniň adamlary penahanalar we azyk önümleri bilen üpjün edýändigi bellenilýär. 28-nji martda Russiýanyň Hakasiýa respublikaynyň häkimiýetleri hem... Читать дальше...

Seul, Phenýan 27-nji aprelde sammit geçirmek barada ylalaşdy

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae-in 27-nji aprelde serhetdäki obada duşuşarlar diýip, 29-njy martda Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar agentligi ýurduň resmilerine salgylanyp habar berdi. Bu sammit 1950-53-nji ýyllardaky Koreýa urşundan bäri geçirilen şeýle duşuşyklaryň diňe üçünjisidir. Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň liderleriniň aprel aýynda duşuşjakdygy baradaky maglumat, iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda 28-nji martda... Читать дальше...

Nobel baýragynyň eýesi Malala hüjümden soň ilkinji gezek Pakistana bardy

Azathabar.com 

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý (Malala Yousafzai) Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi bilen duşuşdy. Ýusufzaý 2012-nji ýylda “Talyban” söweşijileri tarapyndan kellesine ot açylandan soň, ilkinji gezek öz ýurduna sapar edýär. 29-njy martda Malala Yslamabada barandan birnäçe sagat soň, Abbasi ony öz ofisinde kabul etdi diýlip, Pakistanyň hökümetiniň beýanatynda aýdylýar. Pakistanyň telewideniýesi Malalanyň we onuň ejesiniň hem-de kakasynyň Benazir Bhutto... Читать дальше...

Skripalyň ýegeni öňki içalynyň aman galmagy üçin örän ujypsyz umydyň bardygyny aýtdy

Azathabar.com 

Öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň ýegeni Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň nerwleri ysmaz edýän hüjümden aman galmagy üçin örän ujypsyz şansyň, ýagny umydyň bardygyny aýtdy. 28-nji martda Wiktoria Skripal BBC neşiriniň Rus gullugyna beren maglumatynda Skripalyň we onuň gyzynyň saglyk ýagdaýy baradaky çaklamalaryň “hakykatdanam gowy däldigini” aýtdy. Britaniýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini Skripallary öldürmek maksady bilen Sowuk urşy döwründe öndürilen we “Nowiçok” diýip atlandyrylýan... Читать дальше...

Türkmenistanda Visa kartlarynyň ‘29 müňüsi petiklendi’

Azathabar.com 

Fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderileri üçin çykaran ortaça 30 müň Visa bank kartlarynyň 29 müňüsini petikledi diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *