Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 28.03.2018

Aşgabadyň söwda tekjelerinden mesge ýagy ýitirim boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda käbir azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatlamagy dowam edýän mahaly, Aşgabadyň bazarlarynyň hem-de döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň söwda tekjelerinden daşary ýurtlarda öndürilen mesge ýaglary ýitirim boldy.

Eýran Ýemeniň gozgalaňçylaryna ýarag berendigi barada Saud Arabystanynyň aýyplamasyny ret etdi

Azathabar.com 

Eýran Yslam Respublikasynyň Rewolýusion gwardiýasy öz ýurdunyň Ýemeniň gozgalaňçy “Huthi” toparyna ýarag berýändigi barada Saud Arabystanynyň öňe süren aýyplamalaryny ret etdi. “Saud Arabystanynyň şeýle aýyplamalarynyň maksady olaryň Ýemende baş goşýan ýowuzlyklaryndan köpçüligiň ünsüni sowmakdan ybarat” diýip Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň syýasy wekili Ýadollah Jawani aýtdy diýip, 27-nji martda Tasnim täzelikler agentligi habar berdi. Ýemendäki graždan urşunda “Huthi” toparyna garşy söweşýän... Читать дальше...

ÝB Kosowodaky dargynlylykda taraplary 'asudalyga, paýhasa' çagyrdy

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Kosowonyň häkimiýetleriniň Serbiýanyň hökümet resmilerini çykaryp kowmagynyň yzýany iki ýurduň arasynda başlanan dartgynlylyk bilen baglylykda “asudalyga, paýhasa, saklanmaklyga we liderlige” çagyrdy. ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini etnik serbleriň Kosowonyň hökümetinden çykyp, ýurduň demirgazygynda ýoly beklemeginiň yzýany Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen gepleşmek üçin 27-nji martda Belgrada gyssagly sapar etdi. Wuçiç bilen gepleşikleriň... Читать дальше...

Mattis Orsýetiň öňki gizlin agenti zäherläp, Günabaty bölmek maksadyna eýerendigini aýtdy

Azathabar.com 

Orsýetiň Britaniýada öňki gizlin agenti zäherlemegi Kremliň gizlin operasiýalary amala aşyrmak we kimiň jogapkärdigi barada ylalaşyksyzlyk döretmek arkaly Günbatary bölmek boýunça strategiýasynyň bölegi bolup durýar diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis aýtdy. Mattis dünýäniň 20-den gowrak hökümetiniň jemi 144 orsýet diplomatyny öz ýurtlarynda çykarmak boýunça kararlaryny yglan etmeginiň ertesi eden çykyşynda, Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegini “öldürmäge synanyşyk” diýip... Читать дальше...

Orsýetde Kemerowoda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi

Azathabar.com 

Orsýetde 28-nji martda Kemerowo şäherindäki ýagynda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi. Kemerowo şäheriniň “Zimnýaýa wişnýa” atly uly söwda merkezinde 25-nji martda bolan ýangynda wepat bolan adamlaryň jaýlanyş çäreleri başlandy. Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Wladlen Aksýonow 28-nji martda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, ýitirm bolan adamlar barada başga ýüzlenmeleriň bolmandygyny we munuň netijesinde wepat bolanlaryň umumy sanynyň 64 adamdan ybaratdygyny we olaryň köpüsiniň çagalardygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *