Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 18.03.2018

Türkmensähra türkmenleriniň ene dili aladalary

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniň ene dili barasynda eden aladalary we edýän tagallalaryna gönükdirýär.

Ukrainada rus wekilhanalarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Azathabar.com 

Ukrainada Russiýanyň hökümet binalaryna diňe diplomatlaryň gelip, prezidentlik saýlawlarynda ses berip bilýändigi yglan edilenden soň, binalaryň daş-töweregindäki howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Ukrain polisiýasy Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasyna, şeýle-de Odesadaky, Lwowdaky we Harkowdaky konsulhanalaryna gözegçilik edýär. Ukrainanyň milletçi toparlarynyň agzalarynyň Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýygnanandygy barada maglumatlar gowuşýar. Russiýa Ukrainany halkara normalaryny bozmakda aýyplady. Читать дальше...

Türkiýäniň goldaw bermegindäki güýçler Siriýanyň Afrin şäherine girdi

Azathabar.com 

Türkiýäniň goldaw bermegindäki güýçleriň Siriýanyň Afrin şäheriniň merkezine aralaşandygy habar berilýär. Bu sebitde türk güýçleri iki aýdan gowrak wagt bäri Siriýanyň kürt söweşijileri bilen çaknyşýarlar. Ankara Afrindäki kürt güýçlerini, Türkiýedäki kürt jeňçileri bilen ilteşigi üçin, terrorist hökmünde häsiýetlendirýär. Türk habar agentlikleri Türkiýäniň goldaw bermegindäki siriýa güýçleriniň şäheriň merkezinde ‘gözegçiligi ornaşdyrandygyny’ habar berdiler. Soňky günlerde sebitden müňlerçe adam öýlerini terk etdi.

Tramp DFB-iň (FBI) direktorynyň orunbasarynyň çetleşdirilmegini gutlady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň orunbasary Andrew McKabeýi eýeleýän wezipesinden boşadylmagyny gutlady. Bu aralykda, demokratlar we beýleki tankytçylar bu ädimiň syýasy matlap bilen edilendigini aýdyp, muny tankytladylar. Tramp özüniň Twitter hasabynda Andrew McKabeýiň boşadylmagyny “Demokratiýa üçin uly gün” diýip, atlandyrdy. Şeýle-de, ol “Derňewler boýunça Federal Býuronyň ikinji adamy Býuronyň ýokary derjesinde bolup geçýän ýalanlar we korrupsiýa barada habarlydy” diýip... Читать дальше...

Pense Pakistan söweşijilere garşy göreşde has köp tagalla etmeli diýdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense (Mike Pence) Pakistanyň premýer-ministri Khakan Abbasi bilen söhbetdeşliginde, Yslamabadyň Waşington bilen has ýakyn işleşmelidigini, şeýle-de “Talyban” we beýleki söweşiji toparlara garşy göreşde has köp tagalla etmelidigini aýtdy. Bu barada Ak Tam maglumat berýär. Beýanatda gepleşikleriň anyk wagty, ýeri ýa-da mazmuny takyklaşdyrylmaýar. Emma, habar agentlikleri duşuşygyň wise-prezidentiň Waşingtondaky rezidensiýasynda geçendigini aýdýarlar. Malgumata görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *