Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 05.03.2018

“Türkmenhowaýollarynyň” zerurlyklary üçin täze uçar abzallaşdyrylýar

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” milli kompaniýasynyň zerurlyklary üçin öndürlen “Boeing 737-700” kysymly uçary 22-nji fewralda Delawer ştatynyň Georgetown şäherine gondy diýip, Flightradar24 gullugynyň websaýtyna salgylanyp ANT gullugy habar berýär. Maglumatda bellenişine görä, bu şäherde VIP müşderiler we döwlet baştutanlary üçin niýetlenen uçarlaryň ýörite özgerdilmegi boýunça iş alyp barýan ALOFT AeroArchitects kompaniýasynyň ýerleşýändigi aýdylýar. Bu uçara EZ-A700 nomeriň berlendigi maglumatda bellenýär. Читать дальше...

Merkezi Aziýa ýurtlary BMG-niň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge ymtylýandygyny mälim etdiler

Azathabar.com 

BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 37-nji ýyllyk sessiýasynyň çäginde 28-nji fewralda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda: Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň ösüşi” temasyndan bilelikdäki maslahat geçirildi, oňa türkmen tarapy inisiatorlyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda aýdylýar. Çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň esasy azatlyklary we adam hukuklaryny goramak boýunça borçlaryna gönükdirilen we adam hukuklary... Читать дальше...

Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk meselesi maslahat edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyklar meselesi maslahat edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 1-nji martda geçirilen gepleşiklerde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti nygtaly, emma Hassan Rohaniniň garaşylýan saparynyň takyk wagty agzalmady. Eýranyň senagat, magdanlar we söwda boýunça ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Türkmenistanda Eýran yslam respublikasynyň harytlarynyň nobatdaky sergisine hem gatnaşýar. Читать дальше...

Orsýetde doping baradaky dokumental film Oskar baýragyna eýe boldy

Azathabar.com 

Orsýetde doping baradaky dokumental film Oskar baýragyna eýe boldy. Orsýetde doping barada “Ikarus” atly kartina iň gowy dokumental film hökmünde Oskar baýragyna eýe boldy. Birleşen Ştatly režissýor Bryan Fogeliň filmi Orsýetiň dopinge gözegçilik edýän döwlet laboratoriýasynyň öňki müdiri häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýan Grigory Rodçenkowyň ýardamy bilen düşürildi. Fogel baýragy Rodçenkowa bagyşlaýandygyny aýtdy we Rodçenkow barada sözläp, bu “gorkusyz paş ediji häzir uly howp astynda ýaşaýar” diýdi. Читать дальше...

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady komissiýasynyň maslahaty geçdi

Azathabar.com 

Daşkentde söwda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek komissiýasynyň 14-nji maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, 1-2-nji martda geçirlen maslahatda taraplar ýurtlaryň 2018-2020-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, şol sanda transport we syýahat, medeniýet, ylym, sungat we sport ugurlar barada pikir alyşypdyr. Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman transport ýoly baradaky ylalaşyklaryň ähmiýeti we Türkmenabat-Farap awtomobil... Читать дальше...

Daşoguzda maýyplardan bank kartlaryna geçmek talap edilýär

Azathabar.com 

Daşoguzda maýyplar üçin kömek pullary mundan beýläk bankomatlaryň üsti bilen berler. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň obalarynyň birinde bu baradaky degişli bildirişiň asylandygyny habar berdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Eýrana sapar edýär

Azathabar.com 

Fransiýanyň daşary işler ministri 2015-nji ýylda baglaşylan Eýranyň ýadro programmasyna degişli ylalaşygyň, şeýle-de Eýranyň Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda rolunyň daşyndaky halkara dartgynlylygynyň dowam edýän wagtynda 5-nji martda Tährana sapar etdi. Jean-Ywes Le Drianyň bu sapary başda ýanwar aýyna bellenipdi, emma ýurduň dürli şäherlerinde studentleriň agdyklygynda geçirilen protestler sebäpli yza tesdirilipdi. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Le Drianyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *