Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 30.03.2018

Bugaýew: Türkmenistanda ýangyn howpsuzlygy kadaly berjaý edilmeýär

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasy, Bütindünýä banky we beýleki käbir halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp dünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 172 ýurduň hatarynda Madagaskar, Merkezi Afrika we Benin ýaly döwletleriň edil yzynda 36-njy ýerde ýerleşdirilýär.

Stambul: Türkmen zenanlaryny iş wadasy bilen aldap, ten söwdasyna mejbur edýän topar ele salyndy

Azathabar.com 

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistandan iş wadasy bilen getiren migrant zenanlarynyň we olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň ýörite katalogyny taýýarlap, olary ten söwdasyna mejbur edýän "Kedi Ismail" lakamly adamyň ýolbaşçylygyndaky guramaçylykly jenaýat toparyna garşy türk polisi Stambulda operasiýa gurnapdyr.

Kosowodan 6 ‘gülençi’ Türkiýä deportasiýa edildi

Azathabar.com 

Kosowada dinçi ruhany Fethullah Güleniň mekdepleri bilen ilteşikli bolmakda aýyplanan alty sany türk raýaty tussag edilip, Türkiýä deportasiýa edildi. Ankara 2016-njy ýylda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda Güleniň durandygyny aýdýar. Döwletiň eýeçiligindäki Anadolu habar agentligi türk aňtaw gulluklarynyň şahsy uçar bilen aýyplanýanlary Türkiýä eltendiklerini habar berdi. ABŞ-da ýaşaýan Gülen Ankaranyň bildirýän aýyplamalaryny ret edýär.

Rus ilçisi Moskwanyň “Talybany” ýarag bilen üpjün etmändigini aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Moskwanyň “Talyban” hereketiniň ABŞ güýçlerine we owgan hökümetine garşy alyp barýan 16 ýyllyk söweşiniň dowamynda jeňçileri ýarag bilen üpjün edendigi baradaky Pentagonyň aýyplamalaryny ret etdi. Zamir Kabulow Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda “Talyban” hereketiniň gerek ýaraglaryny owgan hökümetinden we polisiýasyndan bikanun ýagdaýda satyn alyp bilendigini we özleriniň jeňçilere hiç hili maliýe hemaýatyny bermändiklerini aýtdy. Kabulow Russiýanyň... Читать дальше...

Moskwa günbatar diplomatlaryny Russiýadan çykarýar

Azathabar.com 

Moskwa ABŞ-nyň Sankt Peterburgdaky Konsulhanasynyň ýapylýandygyny, şeýle-de ABŞ-nyň, Britaniýanyň we beýleki döwletleriň çykaran rus diplomatlarynyň sanyna laýyklykda, şol ýurtlaryň diplomatlarynyň hem ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi. Mundan öň, ABŞ, NATO, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurtlary, Ukraina dagy Britaniýada ozalky rus içalysynyň zäherlenmegine jogap edip, öz ýurtlaryndan jemi hasap bilen 150-ä golaý rus diplomatyny çykarypdylar. Britaniýa Sergeý Srkipalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegine Russiýanyň jogapkärdigini aýdýar. Читать дальше...

Peskow jynsy zorluklar barada çykyş eden aktrissalary ‘prostitutkalara’ deňedi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Hollywoodyň prodýuseri Harweý Weinşteýn (Harvey Weinstein) tarapyndan jynsy zorluklara sezewar bolandyklaryny aýdýan aktrissalary “prostitutkalara” deňedi. Peskow Moskwada uniwersitetde talyplaryň öňünde eden çykyşynda Weinşteýne garşy çykan käbir aktrissalaryň “Hollywoodyň ýyldyzlary” bolandyklaryny, şeýle-de olaryň “ahlak we mertebe baradaky garýyşlaryna ters gelýän köp işleri edendiklerini” aýtdy. “Olar 10 ýylyň dowamynda ýüzlerçe million dollary edinip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *