Demirgazyk, gündogar Owganystanda gurnalan hüjümlerde 20 çemesi adam öldüdildi
“Talyban” söweşijileri öten agşam Sary-Pul welaýatynyň Saýýad etrabyndaky howpsuzlyk nokadyna hüjüm edip, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň 14 agzasyny öldürdiler diýip, ýerli resmi 12-nji iýunda aýtdy.
Hüjüm wagtynda azyndan 25 harby gullukçy ýaralandy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Nur Aga Nury aýtdy.
Şeýle-de Nury ýaralanan esgerleriň dördüsiniň gozgalaňçylar tarapyndan zamun alnandygyny gürrüň berdi.
Gündogardaky Gazni welaýatynda bolsa, janyndan geçen bombaçy “Humvee” harby ulagyny ulanyp, howpsuzlyk güýçleriň azyndan bäş agzasyny öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.
Gazni gubernatorynyň sözçüsi Arif Nury bu hüjümiň 12-nji iýunda, ir säher sagatlarynda bolandygyny aýtdy.
Bu partlamada azyndan 26 adam, şol sanda etrap başlygy we 18 sany polisiýa ofiseri ýaralandy diýip, Nury aýtdy. Şeýle-de ol “Humvee” harby ulagynyň biraz öň, Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine garşy edilen başga hüjümde “Talyban” jeňçileri tarapyndan ele geçirilendigini sözüne goşdy.