Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 13.06.2018

Metjitlerde köwüş ogrularynyň köpelýän wagty, käbir ýaşlar ‘7 adama ugrat’ diýip, dini SMS paýlaşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän metjitlerde, hususan-da Daşoguzyň uly metjidinde ogurlyk hadysalary ýygjamlaşýar. Metjide barýan adamlaryň köwüşleri, el telefonlary, welosipedleri şeýle-de metjitleriň emläkleri, şol sanda gazanlar, ojaklar, dondur tahýalar ogurlanýar. Bu barada Azatlygyň howpsuzlykdan ätiýaç edýän anonim çeşmesi habar berýär.

Erdogan Berdimuhamedowy TANAP-yň açylyşyna çagyrdy: Ol gatnaşmady, ‘gülençiler’ diýilýänleriň-de ykbaly nämälim

Azathabar.com 

12-nji iýunda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde bäş ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Trans-Anadoly (TANAP) gazgeçirijisiniň açylyşy boldy diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligi habar berdi. 2-nji iýunda Rejep Taýýip Erdogan bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda türk tarapynyň başlangyjy bilen geçirlen telefon söhbetdeşliginde Erdogan türkmen kärdeşini dabara çagyrypdy, ýöne Berdimuhamedow açylyşa gatnaşmady.

Putin FIFA ‘sporty syýasatdan daşlaşdyrmak’ üçin minnetdarlyk bildirdi

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň bir gün öňüsyrasynda futbol boýunça dünýä guramasy FIFA ýüzlenip, onuň sporty syýasatdan aýra saklamagy üçin minnetdardygyny aýtdy. Putiniň bu ýüzlenmesi FIFA-nyň 200 milli futbol federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 13-nji iýunda geçirilen 68-nji kongressinde edildi. “Men FIFA-nyň ‘sporty syýasatdan daşlaşdyrmak’ ýörelgesini berjaý etmegini aýratyn belläsim gelýär” diýip, Putin aýtdy we “Orsýet mydama muny goldaýar” diýip belledi. Читать дальше...

Norwegiýa ABŞ-dan harby deňizçileriniň sanyny iki esse artdyrmagyny sorady

Azathabar.com 

Norwegiýanyň ABŞ-nyň ýurtda ýerleşdiren harby deňizçileriniň sanyny iki esse artdyrmagy barada ýüzlenmeginiň Orsýetde gahar döretmegi ähtimal. Oslonyň 12-nji iýunda yglan eden bu beýanaty Orsýet bilen serhetleşýän ýurtlaryň Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan Krym ýarymadasyny bölüp almagyna bildirýän aladalanmalarynyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. NATO-nyň gündogar serhedindäki dokuz ýurdy öz regionlarynda bileleşigiň harby taýdan has düýpli ornaşmagyna çagyryş etdiler we Orsýetiň agressiýasyndan aladalanma bildirdiler. Читать дальше...

ABŞ Phenýany ýaragsyzlandyrmak üçin we Günorta Koreýa bilen harby türgenleşigi ýatyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby türgenleşikleriniň Demirgazyk Koreýany ýaragsyzlandyrmak boýunça gepleşikleri batlandyrmak maksady bilen ýatyrylmagy ähtimal. Bu barada Günorta Koreýanyň prezidentlik edarasyna salgylanyp, Yonhap agentligi 13-nji iýunda habar berdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "Demirgazyk Koreýadan mundan beýläk ýadro howpy abanmaýar" diýip, 13-nji iýunda Tweeterde ýazdy.  Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen 12-nji ýunda Singapurda geçiren duşuşygynyň yzýany... Читать дальше...

Oppozisiýa Makedoniýanyň täze adyna garşy çykyşlaryny dowam etdirýär

Azathabar.com 

Günbatar liderleriniň Makedoniýanyň ady boýunça Gresiýa bilen dawasyna degişli meselede makullaýjy çykyş edýän wagtynda ýurtlaryň ikisiniň-de liderleri ylalaşygy milli parlamentlerden geçirmekde kynçylyga duçar bolýarlar. Ylalaşygyň tankytçylary ýurtlaryň ikisinde-de ýöriş geçirip, 12-nji iýunda ylalaşygyň tassyklanmagyna garşy çykyşlaryny dowam etdirmegi wada berdiler. “Şu günki gün Makedoniýa Respublikasy üçin agyr gündir” diýip, Makedoniýanyň oppozision partiýasynyň (VMRO-DPMNE) prezidenti... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *