Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 17.06.2018

Makedoniýa, Gresiýa ozalky ýugoslaw respublikasynyň ady meselesinde ylalaşyag geldi

Azathabar.com 

Makedoniýanyň we Gresiýanyň daşary işler ministrleri ozalky ýugoslaw respublikasynyň üýtgedilen ady baradaky taryhy ylalaşyga gol çekdiler. Nikola Dimitrow we Nikos Kotzias 17-nji iýunda balkanly goňşulary bir-birinden aýyrýan Prespa kölüniň kenarynda ylalaşyga gol çekdi.  Iki ýurduň hem premýer-ministrleri, Makedoniýanyň Zoran Zaewi, GresiýanyňAleksis Tsiprasy, BMG-niň araçysyMatthew Nimetz we ýewropa resmileri bilen bilelikde, gol çekiş dabarasyna gatnaşdy. Skopýe bilen Afinanyň arasynda 27 ýyla çeken dawany soňlamak maksady bilen... Читать дальше...

Orsýet, Saud Arabystany OPEK-den günde çykarylýan nebitiň möçberini köpeltmegi sorar

Azathabar.com 

Orsýet bilen Saud Arabystany OPEK guramasyndan günde çykarylýan nebitiň möçberini 2018-nji ýylyň 3-nji çärýeginde, ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň nebit üpjünçiligini bölmezligi üçin,1,5 million barrel köpeltmegi sorar. Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak 16-njy iýunda bu çäräniň 1-nji iýuldan başlanjakdygyny we başda diňe üçünji çärýege dahylly boljakdygyny aýtdy. “Biz sentýabrda bazaryň ýagdaýyna gaýtadan syn ederis we geljekde näme etmelidigi hakynda soňra karara geleris” diýip, Nowak aýtdy. Читать дальше...

FIFA Dünýä çempionatynda eýranly aýallary goldamak şygaryna ygtyýar berlendigini aýdýar

Azathabar.com 

FIFA Orsýetde geçýän Futbol çempionatynyň stadionynda eýranly aýallaryň sport çärelerine erkekler bilen bilelikde seretmegine goldaw bildirilýän şygaryň ýaryşlardan öň tassyklanandygyny aýdýar. Dünýä futbolynyň dolandyryjy guramasy 16-njy iýunda düzgünleriň umuman ýaryş mahalynda syýasy beýanatlary gadagan edýändigini, emma 15-nji iýunda Eýranyň Morokkodan 1-0 hasabynda üstün çykan oýny mahalynda galdyrylan şygarlaryň syýasy çagyryş däl-de, “sosial ýüzlenme” diýip hasap edilendigini aýtdy. Gürrüňi... Читать дальше...

Owganystanda iki günde bolan partlamalarda azyndan 46 adam öldürildi

Azathabar.com 

Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçy azyndan 10 adamy öldürdi diýip, resmiler aýtdylar. Welaýat gübernatorynyň sözçüsi Attaullah Khogýani 17-nji iýyundaky partlamanyň  welaýat paýtagty Jajalabatda bolandygyny aýtdy. Howpsuzlyk resmileri 30 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Bu welaýatda bir gün öň, “Talyban” we hökümet güýçleriniň agyz beklenýän Oraza aýynyň soňlanmagyny we ýaraşygy bellemek üçin ýygnanyşan ýerinde özüni partladan bombaçy azyndan 36 adamy öldürdi. 16-njy iýunda... Читать дальше...

Owganystanda iki günde bolan partlamalarda elliden gowrak adam öldürildi

Azathabar.com 

Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçy azyndan 17 adamy öldürdi diýip, resmiler aýtdylar. Welaýat gübernatorynyň sözçüsi Attaullah Khogýani 17-nji iýundaky partlamanyň  welaýat paýtagty Jajalabatda bolandygyny aýtdy. Howpsuzlyk resmileri 49 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Bu welaýatda bir gün öň, “Talyban” we hökümet güýçleriniň agyz beklenýän Oraza aýynyň soňlanmagyny we ýaraşygy bellemek üçin ýygnanyşan ýerinde özüni partladan bombaçy azyndan 36 adamy öldürdi. 16-njy iýunda,... Читать дальше...

Moskwada pyýadalaryň üstünden sürlen taksi ýedi adamy ýaralady

Azathabar.com 

16-njy iýunda Moskwanyň merkezinde bir taksi pyýadalaryň üstünden sürende birnäçe adam ýaralandy we olaryň arasynda Orsýetde geçýän Futbol çempionatyna öz milli komandalaryna goldaw bildirmek üçin gelen meksikaly janköýerler-de bar. Moskwa häkimiýetleri gyrgyz sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjiniň rula erkini ýitirip, taksini Gyzyl ploşşadyň golaýyndaky pyýdalar ýoluna, syýahatçylaryň köp bolýan ýerine gönükdirende azyndan ýedi adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Bu hadysanyň sosial mediada goýlan wideosy maşynyň durgun ýoldan çykyp... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *