Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 04.06.2018

Howpsuzlygy barada alada edýän orsýetli aktiwist ýurdy terk etdi

Azathabar.com 

Orsýetiň Altaý Kraý regionyndaky tanymal şahs we oppozision aktiwist Aýdar Kudirmekow özüniň howpsuzlygy barada alada edip, ýurdy terk etdi. 3-nji iýunda Kudirmekow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň birinden gaçybatalga alandygyny aýtdy, ýöne howpsuzlyk aladalary sebäpli bu döwletiň adyny aýtmakdan saklandy. Kudirmekow maý aýynda ýerli häkimiýetler maliýe galplyklarynda şübhelenip, özi barada derňewlere başlandan soň, Orsýeti terk etmek kararyna gelendigini aýtdy. Читать дальше...

Tbilisiniň metro işgärleri iş taşlaýyş yglan etdi, hökümete garşy täze protestleriň geçirilmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Gürjüstanda metro işgärleriniň iş taşlaýyş yglan etmegi netijesinde gürji paýtagtynda transport gatnawy haýallady. Bu waka Tbiliside hökümetiň işden çekilmegini talap edýän protestçiler özleriniň demonstrasiýalaryna bäşinji güni  hem dowam etmäge taýýarlanýan mahaly boldy. 4-nji iýunda Tbilisiniň ähli metro stansiýalary ýapyldy we şäheriň häkimiýetleri ýaşaýjylary awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrdy. Tbilisiniň häkimi Kakha Kaladze transport problemalary sebäpli ýaşaýjylardan ötünç sorady... Читать дальше...

Azerbaýjanyň sudy AÝ/AR-nyň sud şikaýaty boýunça karar çykarar

Azathabar.com 

4-nji iýunda Azerbaýjanyň sudunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň azadliq.org websaýtynyň häkimiýetler tarapyndan petiklenmegine garşy edilen arza-şikaýat boýunça karar çykarmagyna garaşylýar. Azerbaýjanyň Aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligi ýurduň Baş prokuratura edarasynyň buýrugy esasynda 2017-nji ýylyň mart aýynda azadliq.org websaýtyna girmegi böwetläpdi. Şonda Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy bu websaýtyň ýurduň milli howpsuzlygyna “howp” abandyrýandygyny aýdypdy. Читать дальше...

Daşoguzda dollar 29 manada ýetdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy täze rekord derejä ýetip, 4-nji iýunda 1 amerikan dollary 29 manada barabar boldy.

“Türkmen hökümeti pensionerleriň pulsuzlykdan ölmegini isleýärmikä?!”

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýaşy 70-e ýetmedik hormatly dynç alyşdaky raýatlaryň öz pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde däl-de, eýse plastik kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan almaly edilenindän bäri, ýaşuly nesil kömek pullaryny almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady.

Owganystanyň iň ýokary dini edarasynyň ýygnagyna hüjüm edildi, ýedi adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň iň ýokary dini edarasynyň Kabuldaky üýşmeleňine edilen bombaly hüjümde azyndan ýedi adamyň ölendigini we başga-da dokuz sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar. 4-nji iýundaky hüjümden gysga wagt öň geçirilen duşuşykda, owgan Ulema geňeşi ýörite dini buýruk, ýagny fatwa çykardy. Bu dini buýruga laýyklykda, yslam dininiň düzgünlerine görä janyndan geçen hüjümleri amala aşyrmak “haram” diýlip, gadagan edilýär. Partlamada ölen adamlaryň arasynda näçe sany ruhanynyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *