Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 08.06.2018

Ekspert: Türkmenistanda walýutanyň “gara bazardaky” aşa ýokary nyrhy inflýasiýa täsir edýär

Azathabar.com 

“Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Indi ol giperinflýasiýanyň bosagasynda. Bu günki günde Türkmenistanyň ýyllyk inflýasiýasynyň derejesi 294 % baryp ýetdi” diýip, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki (Steve Hanke) 1-nji iýunda özüniň taýýarlan maglumatyny sosial mediada çap etdi.

Gyrgyz tussaglary türme şertlerine açlyk bilen protest bildirýär

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň türmelerinde saklanylýan onlarça tussag türme şertlerine protest bildirip, açlyk yglan etdi. Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Modawanowka obasynda ýerleşýän türmede 59 tussag açlyk çekýär, şol bir wagtda olaryň bu proteste haçan başlandygy aýdyň däl. Gyrgyzystanyň Zähmet düzediş gullugy 8-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna açlyk yglan eden tussaglaryň 10 sanysynyň öz agzyny çatandygyny aýtdy. Ýurduň adam gynalmagyna garşy garaşsyz toparynyň, Adam gynalmagynyň öňüni almak... Читать дальше...

Hytaýyň Telekom läheňi eýran sanksiýalary işi boýunça goşmaça $1 milliard jerime tölär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar bilen Hytaý ZTE Corp hytaý läheiniň, ABŞ-nyň Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy girizen sanksiýalaryny bozandygy üçin goşmaça 1 milliard dollar jerime tölemek bilen, işini dowam etdirmegi barada ylalaşyga geldi. Bu jerime 7-nji iýunda yglan edildi we ZTE Demirgazyk Koreýa we Eýrana enjam satyp, ABŞ sanksiýalaryny bozany üçin eýýäm $892 million jerime töläpdi. ABŞ-nyň Söwda ministrligi bolsa ZTE-niň, eger soňky ylalaşygy bozsa, ýene-de 400 million dollar jerime tölemeli boljagyny aýtdy.

Owganystanda parlament agzasynyň öýüne edilen hüjümde 3 adam öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda jeňçiler kanun çykaryjynyň öýüne hüjüm edip, üç adamy öldürdiler, emma halk wekili o mahal öýünde däldi diýip, owgan resmisi aýtdy. Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogýani 8-nji iýunda welaýat paýtagty Jelalabatda hüjüm edilen öýüň parlament agzasy Feridon Momandyň jaýy bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol öýi goraýan howpsuzlyk ofiseriniň, bu jaýdaky bir aýal bilen onuň adamsynyň öldürilendigini, bäş adamyň bolsa ýaraly bolandygyny gürrüň berdi. Читать дальше...

Eýran dünýä döwletlerini ABŞ-nyň “süýkenme taktikalaryna" garşy durmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Eýranyň baş diplomaty dünýä döwletlerini ABŞ-nyň “süýkenme taktikalaryna" garşy durmak üçin 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyna ygrarly bolup galmaga hem-de ABŞ-nyň bu şertnamadan çekilmegi netijesinde Eýranyň çeken ykdysady zyýanlarynyň öweziniň dolunmagyna çagyrdy.  Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarifiň 7-nji iýunda twitter arkaly ýaýradan hatynda bu ylalaşygyň “aman galmagy” üçin galan gol çekijileriň we beýleki ykdysady hyzmatdaşlaryň ABŞ-nyň yza çekilmegi we ozal bu şertnama... Читать дальше...

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ejesi hakynda kitap ýazdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýunda egindeşlerine özüniň täze çap etdiren kitabyny sowgat berdi. Türkmen telewideniýesi, prezedent öňki kitaplaryny sowgat berende bolşy ýaly, täze eseriň hem ýüze sylmak, baş egmek bilen kabul edilişini görkezdi. Döwlet baştutanynyň birbada üç dilde,türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen täze kitaby “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” diýlip atlandyrylypdyr. TDH-nyň ýazmagyna görä, bu kitap Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *