Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 19.06.2018

“Ejemiziň, kakamyzyň ugradan puly näme üçin bize berilmeýär?”

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna her gün diýen ýaly maglumatlar, ýüzlenmeler gelip gowuşýar.

Türkmenistanda ilat ‘bankomat nobatlarynda nagt pul kynçylykaryndan' kösenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli ilatyň pensiýa pullaryny, çagalara berilýän döwlet kömek pullaryny we býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny plastik kartlary arkaly nagtlaşdyrmak boýunça kynçylyklary başdan geçirýändikleri habar berilýär. Aýdylmagyna görä, häkimiýetler munuň sebäbini döwlete hasyl tabşyran  daýhanlara geçirilmeli tölegiň ilkinji nobatda zerurlygy bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda ilatyň ‘bankomat nobatlarynda nagt pul kynçylykaryndan' kösenýändigi habar berilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli ilatyň pensiýa pullaryny, çagalara berilýän döwlet kömek pullaryny we býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny plastik kartlary arkaly nagtlaşdyrmak boýunça kynçylyklary başdan geçirýändikleri habar berilýär. Aýdylmagyna görä, häkimiýetler munuň sebäbini döwlete hasyl tabşyran  daýhanlara geçirilmeli tölegiň ilkinji nobatda zerurlygy bilen düşündirýärler.

Aşgabatda Nury Halmämedowyň 80 ýaşyna gabatlanan festiwal geçirilýär

Azathabar.com 

Aşgabatda türkmen kompozitory Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämedowyň 80-njy ýubileýine bagyşlanan festiwal geçirilýär. “Nury Halmämedowyň sazy – zamanlaryň dowamly heňi” atly festiwalyň açylyş dabarasy barada 19-njy iýunda türkmen mediasy habar berdi. Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämedowyň 80 ýaşyna gabatlanan medeni çäreleriň brnäcesi Orsýetiň paýtagtynda geçirildi. Moskwada geçirilen ýubileý dabaralarynyň biri 28-nji martda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýadaky ilçihanasynyň howandarlygynda... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň öňki hökümet baştutanlarynyň ýene biri korrupsiýa bilen ilteşiklli tussag edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň öňki hökümet baştutanlarynyň ýene birini korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag etdiler. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Jantoro Satybaldiýewiň 18-nji iýunda tussaghana salnandygyny mälim etdi. Öňki prezident Almazbek Atambaýewiň goly astynda 2012-2014-nji ýyllarda gyrgyz hökümetine baştutanlyk eden Satybaldiýew Bişkekdäki energiýa kärhanasyny täzelemek işlerinde para almak aýyplamasy bilen ilteşikli tussag edildi. Bu iş... Читать дальше...

Nawalnyý Orsýetiň öz raýatlarynyň pensiýa ýaşyny artdyrmak planyna garşy proteste çagyrdy

Azathabar.com 

Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý orsýetlileri hökümetiň raýatlaryň pensiýa ýaşyny artdyrmak planyna garşy çykyp, 1-nji iýulda protest bildirmäge çagyrdy. Nawalnyý hökümetiň planyny “talaňçylyk” we raýatlara garşy jenaýat diýip atlandyrdy. “Pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmagy [prezident Wladimir] Putin we [premier-ministr Dmitriý] Medwedew tarapyndan guramalaşdyryldy we bu hakyky jenaýatçylyk” diýip, Nawalnyý 19-njy iýunda Instagram ulgamynda çap eden maglumatynda aýtdy. “Muňa ‘zerur reforma’ diýlip... Читать дальше...

Kiýewde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň paýtagtynda protestçileriň ençemesi, şol sanda dag magdançylar, Çernobylyň halas edijileri we Owganystanda gulluk eden sowet weteranlary polisiýa bilen çaknyşdy. 19-njy iýunda bolan protest çykyşlaryň dowamynda 2000-den gowrak protestçi polisiýanyň kordonyny böwsüp, parlamentiň binasyna girmägä synanyşdy. Polisiýa göz ýaşardyjy gazy ulandy, emma protestler dowam etdi. Protestlere Sowet Soýuzynyň Owganystanda 1979-1989-njy ýyllarda alyp baran urşunyň weteranlary we 1986-njy ýylda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *