Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 03.04.2018

Betbagtçylykly ýangyndan soň wezipeden çekilen Tulyýewe täze iş berildi

Azathabar.com 

Orsýetiň Kemerowo regionyndaky söwda merkezinde bolan we 64 adymyň, şol sanda onlarça çaganyň başyna ýeten ýangynyň yz ýany, “bular ýaly agyr ýük bilen gubernator bolup işlemegiň mümkin däldigini” aýdyp, öz eýeleýän wezipesinden çekilen weteran syýasatçy Aman Tulyýewe bu sebitiň kanun çykaryjy organynda iş berildi. 3-nji aprelde geçirilen ýygnakda regional saýlaw komissiýasy Tulyýewe wezipe bermek barada karar kabul etdi diýip, “Kommersant” gazeti bu komissiýanyň sekretary Mihail Pimenowa salgylanyp ýazýar. Читать дальше...

Owganystandaky howa zarbasynda ‘Talyban’ söweşijileri, parahat ýaşaýjylar öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda “Talybanyň” üýşmeleňi diýlip güman edilýän ýere amala aşyrylan howa zarbasynda onlarça adama, şol sanda parahat ilatdan ýaşaýjylara zeper ýetdi diýip, resmiler we waka şaýat bolanlar aýdýarlar. Ýerli polisiýa ofiseri Abdul Hamid Hamidiniň aýtmagyna görä, 2-nji aprelde Gunduzyň çetindäki Daşt-i Arçi etrabyna edilen howa zarbasynda operasiýalary geçirmäge taýýarlanýan “Talyban” söweşijileriniň üýşmeleňi nyşana alyndy. Munuň netijesinde azyndan 15 adam öldi we başga-da 10 sanysy ýaralandy. Читать дальше...

CPJ Askarowyň we başga-da bäş žurnalistiň azatlyga goýberilmegi üçin kampaniýa başlatdy

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 2-nji aprelde özüniň “Mediany azat et” atly ýyllyk kampaniýasyna başlap, Gyrgyzystanda türmä basylan Azimjan Askarowyň we beýleki ýurtlarda gözenekleriň aňyrsynda saklanýan “gaýduwsyz” žurnalistleriň ykbalyna ünsi çekmäge çalyşýar. “Žurnalistlere özleriniň unudylmandygyny we olary tussag eden hökümete dünýäniň olara syn edýändigini ýatlatmak üçin, tarapdarlara fiziki we digital otkrytkalary ugratmagy teklip edýäris” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän komitetiň websaýtyndaky maglumatda aýdylýar. Читать дальше...

Ankarada Putin bilen Erdogan duşuşýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 3-nji aprelde Ankarada türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşýar. Bu Putiniň geçen aý gaýtadan prezidentlige saýlanaly bäri daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Kremliň maglumatynda Putiniň we Erdoganyň telekonferensiýa arkaly Türkiýäniň “Akkuýu” atom elektrik stansiýasynyň birinji böleginiň gurluşygyna badalga berjekdigi aýdylýar. Bu desga Russiýa bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurulýar. Şeýle-de, bu duşuşygyň çäginde söwda we ykdysady ulgamlar boýunça özara hyzmatdaşlyk... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *