Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 11.04.2018

Kreml Siriýa hüjüm etmezlige çagyrýar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryny Siriýa garşy howa hüjümlerini amala aşyrmazlyga çagyryp, şeýle hüjümiň Ýakyn Gündogary “juda durnuksyzlaşdyrjakdygyny” aýtdy.

Azerbaýjanda ýurduň nobatdaky prezidenti saýlanýar

Azathabar.com 

Azerbaýjanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlamak üçin ses berýärler. Ýurduň esasy oppozision partiýalary saýlawlaryň galplaşdyryljakdygyny öňe sürüp, ony boýkot etdiler. Şeýle-de, saýlawlarda ýurduň häzirki prezidenti 56 ýaşly Ylham Alyýewiň dördünji gezek prezidentlige saýlanjakdygyna garaşylýar. Alyýew ýurda öz kakasynyň ölüminden soň, ýagny 2003-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär. Azeri oppozisiýasy we günbatar hökümetleri Alyýewi azat media, žurnalistlere we oppozision syýasatçylara basyş etmekde aýyplaýarlar.

Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçer

Azathabar.com 

Aşgabatda IWF agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýene-de 200 günden, ýagny 28-nji oktýabrda başlamaly bu çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma, ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli, ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi. Agyr atletika boýunça ýaryşyň Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde geçjekdigi aýdylýar. Ýatlatsak, bu Kompleksde geçen sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilipdi. Читать дальше...

Müsür: Kiliselere hüjüm etmekde aýyplanýan 36 adam ölüm jezasyna höküm edildi

Azathabar.com 

Müsüriň harby sudy 10-njy aprelde Goptik Hristianlarynyň kiliselerine garşy amala aşyrylan üç bombaly hüjüme ilteşikli bolmakda güman edilýän 36 adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne alypdy. 2017-njy ýylyň aprelinde janynda geçenleriň Nilde Delta we Aleksandriýa şäherlerindäki kiliselere garşy amala aşyran hüjümlerinde 46 adam heläk bolupdy. 2016-njy ýylyň dekabrynda janyndan geçeniň Kairyň esasy Goptik katedralyna garşy amala aşyran hüjüminde 28 adam ölüpdi. Читать дальше...

Duşenbe iki täjik oppozisionerini Türkiýeden ekstradisiýa etjek bolýar

Azathabar.com 

Täjik resmileri 19-njy martda Stambulda tussag edilen iki oppozisiýa wekilini ekstradisiýa etmek üçin, Türkiýä resmi taýdan ýüzlendi. Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Duşenbäniň Ankara bilen “Topar 24” oppozisiýa toparynyň lideri Suhrobi Zafary we beýleki bir oppozisiýa guramasynyň wekili Nasim Şaripowy ekstradisiýa etmek boýunça gepleşikleri geçirýändigini mälim etdi. Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rigths Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça... Читать дальше...

Aşgabatda “gulaklyk” dakynan pyýadalara jerime salynýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy köçä gulaklyk dakynyp çykan adamlara jerime salyp başlady diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri özleri bilen habarlaşan paýtagtyň ýaşaýjylaryna salgylanyp 9-njy aprelde habar berdi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *