Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 17.04.2018

“Awazada” oteller satuwa çykaryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky ýokary amatlykly käbir oteller satuwa çykaryldy.

Dynç alyş zolagy Gökdere - Çüli jülgesi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtyndan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän meşhur dynç alyş zolagy - Çüli jülgesi Aşgabadyň Arçabil etrabyna degişli. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş nokatlar ýok, ýerli ilat 2000-nji ýyllaryň başynda bu ýerden göçürilipdi. Çülide ýaşaýyş jaýlaryň ýerine döwlete degişli toplumlar guruldy.Çüli zolagynda pudaklara degişli dynç alyş merkezler we çagalaryň dynç alyş öýleri ýerleşýär.

Ermeni parlamenti Sarkisýany premýer-ministr hökmünde saýlady

Azathabar.com 

Ermeni kanunçykaryjylary Serž Sarkisýany, ýurtdaky köpçülikleýin protestlere garamazdan, ýurduň täze ministri wezipesine tassykladylar. 17-nji aprelde geçirilen ses berilişikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen bu wezipä saýlandy. Oppozisiýa liderleri Sarkisýany ýurduň syýasy dolandyryş gurluşyny parlament sistemasyna geçirip, özüniň häkimiýetdäki güýjüni saklap galmak synanyşyklarynda aýyplaýarlar. Bu aralykda, ermeni protest liderleri ýurtda "Mahmal rewolýusiýasyna" çagyryş etdiler. Читать дальше...

Rus resmileri: Himiki ýaraglaryň gözegçileriniň Douma barmagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Rus resmileri himiki ýaraglar boýunça halkara ekspertleriniň Siriýanyň Douma şäherine barýandyklaryny mälim etdiler. Bu aralykda, ABŞ Moskwanyň sebitde eýýäm “dellileri galplaşdyryň bilendigine” aladalanma bildirdi. 16-njy aprelde Himiki ýaraglar boýunça halkara gözegçi toparynyň ýolbaşçysy sebite barmaga heniz rugsadyň berilmändigini aýtdy. Rus resmileri Douma barýan ýollarda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň seljerilýändigini, şeýle-de ekspertleriň şähere çarşenbe güni barmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Читать дальше...



Gökderedäki köp adam pidaly ýol hadysasyny polisiýa tassyklaýar, resmiler we metbugat dymýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde ýolagçy awtobusyň ýol heläkçiligine uçrap, köp sanly adam pidaly hadysanyň ýüze çykanyndan bäri üç gün geçdi, emma ýurduň resmileri we habar beriş serişdeleri bu pajygaly wakany düýpden agzaman gelýärler. Читайте также на русском Azatlyk Radiosynyň habarçylary şenbe güni 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly, azyndan 17 adamyň wepat bolandygyny habar beripdi.  Azatlyk... Читать дальше...

Türkmen resmileri Gökderedäki köp adam pidaly ýol hadysasy barada dymýar, emma polisiýa tassyklaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde ýolagçy awtobusyň ýol heläkçiligine uçrap, köp sanly adam pidaly hadysanyň ýüze çykanyndan bäri üç gün geçdi, emma ýurduň resmileri we habar beriş serişdeleri bu pajygaly wakany düýpden agzaman gelýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şenbe güni 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly, azyndan 17 adamyň wepat bolandygyny habar beripdi.  Azatlyk Radiosy 17-nji aprelde... Читать дальше...

Pakistan ‘ençeme ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanyp bilmedi’

Azathabar.com 

Pakistanyň öňde baryjy gözegçilik toparlarynyň biri ýurduň soňky ýylda ençeme ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanyp bilmändigini aýdýar. Pakistanyň Adam hukuklary boýunça Komissiýasynyň ýaýradan hasabatynda ýurtda harbylary tankytlaýan ýa-da goňşy Hindistan bilen has gowy gatnaşyklary talap edýän adamlaryň, şol sanda žurnalistleriň we bloggerleriň ýitirim bolýandygy nygtalýar. Hasabatda ýurtda aýal-gyzlara garşy zulumlaryň hem dowam edýändigi bellenilýär. Geçen ýylyň 10 aýy boýunça Pakistanyň... Читать дальше...

Owganystanda jeňçiler parahat ilatdan alty adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň günbataryndaky Gor welaýatynda ýaragly jeňçileriň hüjümi netijesinde parahat ilatyň hataryndan azyndan alty adam öldi. Ýerli polisiýa resmisiniň beren maglumatyna görä, Faroz Koh şäherinde ulaga ot açylanda başga-da dört adam ýaralanypdyr. Pidalaryň ählisi etniki hazaradylar. Owganystanyň dürli künjeklerinde ekstremist sünnüler şaýylaryň bu azlyk toparyna garşy hüjüm edýärler. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *