Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 29.04.2018

Eýran Türkmenistanyň Pakistana iberjek gazyny çalşyp ibermäge taýýardygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Hamidreza Akaki “Eýran yslam respublikasy özüniň Pakistana niýetlenen türkmen gazyny alyşmak esasynda ibermäge taýýardygyny yglan etdi” diýdi. Bu maglumaty "Mehr" habar gullugy çap etdi.  Ol bu sözleri TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň "mümkin däldigi" barasyndaky bellikleriniň arasynda aýtdy.  Eýranyň regiondaky pozisiýasy sebäpli, “Eýran öz içinden geçýän islendik geçiriji proýektine hyzmatdaş bolup biler” diýip, ol sözüni dowam etdirdi. Читать дальше...

Berdimuhamedow "Polimeksiň" taşlan ýolunyň gurulmagynyň wajypdygyny ýatlatdy

Azathabar.com 

Türkmen hökümetiniň anna güni geçirilen maslahatynda “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. TDH-nyň ýazmagyna görä, wise-premýer G.Myradow bu ýoluň taslamasy babatdaky Şertnamany ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Emma habarda geçirilendigi aýdylýan işler hiç hili anyklaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda Berdimuhamedow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň... Читать дальше...

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryny synag edýän ýeriniň ýapylyşyna ABŞ ekspertlerini çagyrar

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-ine özüniň ýurduň ýadro ýaraglaryny synag edýän ýerini gelýän aýda ýapjakdygyny aýtdy diýip, Moonyň edarasy aýdýar. "Kim sammit mahalynda özüniň ýadro synaglarynyň geçirilýän ýerini maýda ýapjakdygyny aýtdy” diýip, sözçi 29-njy aprelde žurnalistlere aýtdy. Kim  bu prosesiň halkara jemgyýetçiligine açyk-aýdyň bolmagy üçin ýakyn wagtda Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň ekspertlerini çagyrjakdygyny aýtdy diýip, sözçi Ýoon Ýoung-çan aýtdy. Читать дальше...

Eýran gazetiniň redaktory töhmet aýyplamasynda tussag edildi

Azathabar.com 

Eýranyň reformaçy gazetiniň başlygy gündogar şäher Maşatda güman edilýän jelepçilik barada çap eden makalasy üçin tussag edildi.  Eýranyň ýarym resmi ISNA habar gullugy 28-nji aprelde “Şargh” gazetinde çap edilen makala sebäpli birnäçe adamyň suda şikaýat arzasy bilen ýüz tutandygyny, olaryň gazeti aýallary masgaralamakda aýyplaýandygyny habar berdi. ISNA Maşadyň prokurorynyň orunbasary Hassan Heidara salgylanyp, gazetiň baş direktory Mehdi Rahmanianyň tussag edilendigini, onuň şikaýat edenlere... Читать дальше...

Ermenistanyň oppozision lideri Paşinýan goldawçylaryny protestleri dowam etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň oppozision lideri Nikol Paşinýan öz goldawçylaryny 1-nji maýda parlamentde täze premýer üçin ses berilmezden öň Ýerewanda köçeleri baglamaga, protest ýygnananyşyklaryna gatnaşmaklaryny dowam etmäge çagyrdy. Prmýer-ministriň wezipesine kandidat hökmünde häzire çenli öňe çykan ýeke-täk kandidat bolan Paşinýan 29-njy aprelde, “syýasy ýagdaýyň üýtgändigine we belli bir progresiň gazanylandygyna garamazdan”, protestçileriň köçeleri baglamak çärelerini, “parahatçylykly we zorluksyz” graždan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *