Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 06.04.2018

Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirdi

Azathabar.com 

Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen,  Saglyk ýoluny geçip, olimpiýa şäherçesiniň sport merkezindäki trenažýorlarda dürli maşklary ýerine ýetirdi. Bu sport çäreleri bilen bagly Aşgabatda ulaglaryň we pyýadalaryň hereketi çäklendirildi.

Daşkentde "Aşgabat" seýilgähi açyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bina edilen "Aşgabat" seýilgähine gezelenç etdi. Seýilgäh türkmen paýagtynyň keşbiniň esasynda dizaýn edilip gurlupdyr. Şeýle-de parkda häzirkzaman merkezler, garbanyşhanalar we göwnüňi açýan ýerler bina edilipdir. Şawkat Mirziýoýew saýilgähde döredilen şertler bilen tanyşdy. Seýilgähde türkmen paýtagtyny ýada salýan ýerler bar.

Daşkentde "Aşgabat" atly seýilgähi açyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bina edilen "Aşgabat" seýilgähine gezelenç etdi. Seýilgäh türkmen paýagtynyň keşbiniň esasynda dizaýn edilip gurlupdyr. Şeýle-de parkda häzirkzaman merkezler, garbanyşhanalar we göwnüňi açýan ýerler bina edilipdir. Şawkat Mirziýoýew saýilgähde döredilen şertler bilen tanyşdy. Seýilgähde türkmen paýtagtyny ýada salýan ýerler bar.

Aşgabatda hereket çäklendirildi

Azathabar.com 

5-nji aprel güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, hususan-da şäheriň Parahat 1, Parahat 2/1 kiçi etrapçalarynda ýaşaýjylaryň hereket mümkinçilikleri çäklendirildi.

HRW Gazagystana ‘žurnalistlere azar bermek üçin’ töhmet kanunlaryny ulanmagy bes et diýýär

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Gazagystanyň hökümetini metbugatda paş etmeleri jenaýat hasaplamagy we “öz işlerini edýän žurnalistlere azar bermek üçin” töhmet kanunlaryny ulanmagy bes etmäge çagyrdy. Gurama özüniň 6-njy aprelde çap eden maglumatynda 30-njy martda gazak häkimiýetleri bile-göre galp maglumatlary ýaýratmakda güman edip, iki garaşsyz media serişdesine - “Ratel.kz” habar websaýtyna we “Forbes” žurnalynyň ýerli neşirine - gönükdirilen derňew işlerini başlatdy diýilýär. Читать дальше...



Owganystan Abbasindan öň, Pakistany howa zarbalaryny amala aşyrmakda aýyplaýar

Azathabar.com 

Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň Owganystana planlaşdyran saparyndan bir gün öň, Kabul Yslamabady serhetdäki Kunar welaýatynda “uly maliýe ýitgisine” sebäp bolan howa zarbalaryny amala aşyrmakda aýyplady. 6-njy aprelde Kabula baran Abbasiniň owgan prezidenti Aşraf Gani bilen parahatçylyk we söweşijilere garşy göreş ugrundaky bilelikdäki tagallalar barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. 5-nji aprelde Owganystanyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň uçarlarynyň Kunar welaýatynyň... Читать дальше...

Orsýet Telegram messenjer tilsimini petiklemäge synanyşýar

Azathabar.com 

Orsýetiň media gözegçilik edýän edarasy ýurduň sudundan Telegram messenjer tilsimini petiklemegi sorady. Bu waka Telegram kompaniýasynyň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) tilsimi ulanyjylaryň hat alyş-çalşygy baradaky maglumatlary bermegi ret etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. “Roskomnadzor” özüniň websaýtynda çap eden beýanatynda “Russiýanyň territoriýasynda Telegramdan peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirmek” barada edaranyň 6-njy aprelde Moskwanyň Taganka etrap suduna arza berendigini mälim etdi. Читать дальше...

Gökderedäki haýwanat bagy

Azathabar.com 

Aşgabadyň günorta-günbatarynda Gökderede gurlan haýwanat bagynda haýwanlaryň juda seýrekdigi, haýwanlar üçin gurlan gözenekleriň ençemesiniň boş durandygy, olaryň käbirinde birlän-ikilän tukat haýwanlaryň göze ilýändigi habar berilýär. Azatlyk Radiosy Gökderedäki haýwanat bagy barada ýörite fotosergi taýýarlady.

Owganystanda söweşiji komandiri öldürilenden soň, ‘Talyban’ 30 mekdebi ýapdy

Azathabar.com 

Owganystanyň hökümet güýçleri tarapyndan söweşijileriň ýerli komandiri öldürilenden soň, “Talyban” öz kontrollygyndaky territoriýalarda, ýagny Kabulyň günortasynda azyndan 30 mekdebi ýapdy diýip, owgan resmileri aýdýarlar. Logar welaýat häkiminiň metbugat wekili Salim Salehiň 6-njy aprelde beren maglumatyna görä, şu hepde hökümet güýçleriniň geçiren gijeki reýdlerinde birnäçe söweşiji we olaryň komandiri öldürilenden soň, 31-nji martda “Talyban” bu welaýatyň Çarh etrabyndaky mekdepleri ýapdy. Mundan öň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *