Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 04.10.2018

Türkmenistanda mekdep okuwçylary ten satýarlar, ir durmuşa çykýarlar

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary mekdepde okaýan ýetginjek gyzlaryň ten satmak bilen meşgullanmagy we ir durmuşa çykarylmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýdýarlar. "Mekdep okuwçylarynyň 7-11-nji klaslarda okaýan gyzlaryň arasynda jynsy zorluklar, olaryň öz ygtyýary bilen ten söwdasyna baş goşmagy, şeýle-de 8-9-njy klas okuwçy gyzlaryň gaçyp durmuşa çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýar. Mekdep müdirleri bu barada bilseler-de, gizläp saklaýarlar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy. Читать дальше...

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy ozalky prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezlik durumyny bikanun hasaplaýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy ýurduň ozalky prezidentleriniň peýdalanýan eldegrilmesizliginiň konustitusiýa laýyk gelmeýändigi barada karar çykardy.  Suduň konstitusiýa palatasy 3-nji oktýabrda karar çykaryp, hökümetiň ozalky prezidentleriň kanun jogapkärçiligine çekilmezligi baradaky azatlyklaryna düzediş girizilmegini buýurdy. Gyrgyzystanyň öňki liderleriniň häzir diňe ikisi ozalky prezidentiň resmi durumyndan peýdalanýar, olar Roza Otunbaýewa (2010-2011) we Almazbek Atambaýew (2011-2017).  Beýleki... Читать дальше...

Orsýet we Saud Arabystany 'ýuwaşjadan' nebit çykarmagy köpeltmek barada ylalaşyk baglaşdy

Azathabar.com 

Orsýet we Saud Arabystany, bahalaryň galmagyny haýallatmak üçin, sentýabrdan dekabra çenli aralykda nebit çykarmagy köpeltmek barada ylalaşyk baglaşdy diýip, “Roýters” habar gullugy habar berýär. Bu plandan habarly çeşmeler 3-nji oktýabrda rus we saud energiýa ministrleriniň geçen aý geçirilen tapgyrlaýyn duşuşyklarda ylalaşyga gelendiklerini aýtdylar.  Eýran nebitiniň alyjylarynyň ABŞ-nyň Tährana garşy girizýän sanksiýalary esasynda bu ýurt bilen söwdalaryny azaltmaklary netijesinde, Brent markaly... Читать дальше...

Türkmenistanda benziniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda benziniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň käbir resmi çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, ýurt häkimiýetleri awtoulag ýangyjynyň indiki ýyldan gymmatlajagyny aýdýarlar.       "Benziň bahasynyň iki esse galmagy mümkin. A 95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 manatdan 3 manada ýeter. A 80 markaly benziniň bir litri 1.2 manatdan 2.5 manada çenli gymmatlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şerti bilen... Читать дальше...

Ukraina million dollarlyk jaýly aňtaw resmisiniň garşysyna derňew açýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň korrupsiýa garşy derňew geçirýän sülçüleri ýokary derejeli aňtaw resmisiniň bikanun baýandygy barada aýdylýanlary derňemäge başlady. Aýdylmagyna görä, ol resminiň maşgalasynyň millionlarça dollara durýan üç willasy bar.  Ukrainanyň korrupsiýa garşy býurosynyň direktory Artýem Sitnik 3-nji oktýabrda Kiýewdäki žurnalistlere öz agentliginiň Ukrainanyň daşarky aňtaw gullugynyň başlygynyň orunbasary Serhiý Semoçkonyň garşysyna derňew işini açandygyny aýtdy. Bu jenaýat derňewi telewideniýede berlen derňew habaryndan soň açyldy. Читать дальше...

Paşinýan irki saýlawlary şu ýyl geçirmek teklibinde berk durjagyny aýdýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan şu ýylyň dekabrynda irki saýlawlary geçirmek teklibiniň yzynda berk durjakdygyny, syýasy garşydaşlarynyň teklibi boýunça, umumy saýlawlaryň geljek ýyla goýulmagyna garşy durjagyny aýtdy.  “Saýlawlar häzir däl-de, maýda geçirilmeli diýýänler syýasy krizisiň ýene bir sekiz aý dowam etmegini isleýärler” diýip, Paşinýan 3-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy. “Biz bu logika bilen ylalaşmaýarys. Eger-de kanun çykaryjylar täze premýer-ministri saýlamagyň hötdesinden iki gezek gelip bilmeseler... Читать дальше...

Pakistan ABŞ-ny harby kömegi dikeltmäge, Owganystan babatda hyzmatdaşlyga çagyrýar

Azathabar.com 

Pakistanyň daşary işler ministri Birleşen Ştatlary gowy gatnaşyklary we harby kömegi dikeltmäge, Yslamabady Owganystana ediläýn jeňçi hüjümlerinde günälemegi bes etmäge çagyrdy we hatda, owgan urşuny soňlamak üçin, “Talyban” bilen gepleşikleri hem goldamagy wada berdi. Şah Mehmood Kureşi Waşingtona 3-nji oktýabrda, Pakistanyň täze premýer-ministri Imran Hanyň Owganystan babatdaky strategiýasyny düşündirmäge bardy. Ozalky kriket ýyldyzy, harby çäre görmäge derek, uzak wagt bäri “Talyban” we beýleki... Читать дальше...

Orsýet Ýewropa iberýän gazynyň köpeljegini çaklaýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň ýewropa döwletlerini rus gazyna garaşlylygy azaltmaga yrmak tagallalaryna garamazdan, Moskwanyň şu ýyl bu ýurtlara rekord derejede gaz eksport etmegine garaşylýar. Rus işewürleri we hökümet resmileri 3-nji oktýabrda Moskwada geçen energiýa forumynda rus gaz eksportynyň möçberiniň şu ýylda 200 milliard kub metrden aşmagynyň mümkindigini aýtdylar. Bu geçen ýyldaky iň ýokary rekorddan, 194 milliard kub metr gazdan hem köp bolýar.  Ýewropa ýurtlary Orsýetiň iň uly gaz alyjylary bolmaklaryny dowam etdirýär... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *