Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 16.10.2018

Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Azathabar.com 

14-15-nji oktýabrda Täjigistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine 350-den gowrak sungat işgäri gatnaşdy. Ýöne bu Medeniýet günlerinde sözüň doly manysynda diýen ýaly Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň wasp edilmegi bu ýere baran täjik tomaşaçylaryny geň galdyrdy.

Berdimuhamedow türkmen delegasiýasyny garşy almak dabarasy üçin Mirziýaýewe minendarlyk bildirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti bilen telefon söhbetdeşligini geçirip, Täjigistana otluly giden türkmen delegasiýasyny garşy almak boýunça Termez şäherinde geçirilen dabara üçin minnetdarlyk bildirdi.  "Özbegistanyň üstünden Täjigistana ugran Türkmenistanyň wekilleriniň üstüne jogapkärçilikli missiýa goýuldy - olar milli taryhy-medeni mirasynyň baýlygyny görkezmek arkaly goňşy dost ýurtlarynyň önümli gumanitar kontaktlaryny pugtalandyrmaga goşant goşmaly"... Читать дальше...

ABŞ-Saud Arabystany: žurnalistiň ýitirim bolmagy meselesi maslahat edildi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bilen gepleşik geçirip, saudi žurnalisti Jamal Khaşgajynyň ýitirim edilmegi we mümkin öldürilmegi meselesini maslahat etdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy bilen ýitirim edilen žurnalist barada gepleşmeginiň yzýany Pompeony bu ýurda ugradypdy. Tramp patyşa Salmanyň žurnalistiň "başyna düşüp biljek islendik ýagdaýdan özüniň habarly bolmagyny" ret edendigini aýtdy. Žurnalist Saud Arabystanynyň mirasdüşer... Читать дальше...

Owganystanda söweşijileriň hüjüminde ençeme polisiýa resmisi wepat boldy

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazyk Samangan welaýatynda "Talyban" toparynyň howpsuzlyk güýçleriň nokatlaryna eden hüjüminde birnäçe polisiýa ofiseri, şol sanda welaýatyň polisiýa müdiri wepat boldy diýip, welaýatyň häkimi Abdul Latif Ibrahimi aýtdy. Welaýat geňeşiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, söweşijiler gijäniň ýary Dari Suf etrabynda barlag geçiş nokatlaryň ençemesine, şeýle-de welaýatyň baş polisiýa we aňtaw ýolbaşçysyna hüjüm edipdir. Ibrahimi ýedi sany polisiýa wekiliniň wepat bolandygyny we bäş adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Читать дальше...

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian wezipesinden çekilmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian parlamenti dargatmak we ýylyň aýagyna çenli täze saýlawlary geçirmek üçin 16-njy oktýabrda wezipesinden çekilmegi planlaşdyrýar. Paşinian bu kararyny öz syýasy blogynyň sentýabrda Ýerewanyň häkimligine geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanansoň, parlamentde köplükdäki öz garşydaşlaryny çetleşdirmek üçin yglan etdi. Öňki oppozision kanun çykaryjy Paşinian maý aýynda protestleriň netijesinde häkimiýet başyna gelipdi. Birnäçe hepdeläp dowam eden protestleriň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *