Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 26.10.2018

Türkmen prezidenti tigiriň ýadygärliginiň şekilini tassyklady we ýörişine rugsat berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped gününe dikiljek ýadygärligiň dizaýnini tassyklady we şenbe güni tigirli ýöriş geçirmek ideýasyny makullady.  Resmi medianyň habar bermegine görä, ýadygärlik Çandybyl we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda dikiler, ol prezidentiň talaby boýunça "aýlanýan ýer şarynyň şekilinde bolmaly we türkmen halkynyň adamzadyň taryhyndaky roluny şekillendirmeli".        Türkmenistanda welosiped sporty döwlet derejesinde propagandirlenýär, döwlet baştutany inisiator bolup çykyş edýär. Читать дальше...

ABŞ Russiýanyň BMG-de ýarag ylalaşygyny saklap galmak ses berilişigini böwetlemek ugrunda tagalla edýär

Azathabar.com 

ABŞ Russiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda 1987-nji ýylda baglaşylan ýadro ýaraglary ylalaşygyny güýjünde saklamak baradaky ses berilişigi geçirmek planlaryny böwetlemek ugrunda tagalla edýär. Şu hepde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň bu ylalaşygy 2014-nji ýyldan bäri bozup gelýändigini öňe sürüp, ondan çykjakdygyny aýdypdy. Rus diplomatlary “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) ylalaşygyny öz güýjünde saklamak baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny 25-nji oktýabrda assambleýanyň ýaragsyzlandyrma... Читать дальше...

BMG Ýemeniň golaýynda ele salnan ýaraglaryň nireden ugradylandygyny anyklaýar

Azathabar.com 

BMG-niň derňewçileri Ýemeniň kenarlarynda ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri tarapyndan ele geçirilen AK-47 kysymly 2 müň 500 ýaragyň haýsy ýurtdan, ýagny Eýrandan ýa-da Somaliden ugradylandygyny anyklaýarlar. ABŞ resmileri Eýranyň Ýemeniň hökümetine garşy söweşýän huthi jeňçilerini ýaraglar bilen üpjün edýändigi baradaky çaklamalary anyklamak üçin, BMG-niň derňewçilerini çagyrandyklaryny mälim etdiler. Eýran Ýemende hökümete garşy dört ýyl bäri söweşýän şaýylaryň huthi jeňçilerini ýarag bilen üpjün edendigi baradaky aýyplamalary ret edip gelýär.

Seçin: ABŞ-nyň sanksiýalary “dünýäniň nebit bazarynda uly deňagramsyzlygyny döreder”

Azathabar.com 

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki nebit läheňi Rosneftiň başlygy ABŞ-nyň Eýrana we Wenesuela girizýän sanksiýalarynyň “dünýäniň nebit bazarynda uly deňagramsyzlygyny döretjekdigini” aýtdy. Rosneftiň başlygy we prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri Igor Seçin sanksiýalaryň netijesinde dünýäde nebit önümçiliginiň pese gaçjakdygyny we bahalarynyň ýokary galjakdygyny aýtdy. ABŞ Eýranyň nebit pudagyna sanksiýalary girizip, onuň nebit eksportyny “nola” çenli düşürjekdigini aýdypdy. Waşingtonyň... Читать дальше...

Russiýanyň Krasnodar Kraýynda suw joşmasy sebäpli alty adam öldi

Azathabar.com 

Rusiýanyň günorta-günbataryndaky Krasnodarskiý Kraý regionynda güýçli ýagyşlar sebäpli dörän suw joşmasyndan azyndan alty adam öldi. Sebitiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi heläk bolan adamlaryň jesetleriniň regionyň Tuapse we Apşeron etraplaryndan tapylandygyny mälim etdi. Suw joşmasy sebäpli regionyň 30-dan gowrak şäherdir obasynyň, şol sanda Tuapseniň we Soçiniň müňlerçe binasyna zeper ýetdi. Hadysanyň ýüze çykan ýerlerinde elektrik togy kesildi; köçeler, şeýle-de azyndan bir köpri weýran boldy. Читать дальше...

Hytaýda çagalar bagyna pyçak bilen hüjüm edildi

Azathabar.com 

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatyndaky çagalar bagynyň birine pyçakly bir aýalyň hüjüm etmegi netijesinde azyndan 14 çaga ýaralandy. Polisiýanyň beren maglumatyna, Çonking şäherinde bir aýal aşpez pyçagy bilen çagalara hüjüm edipdir. Sosial ulgamlarynda peýda bolan wideolarda we suratlarda egin-başy gana bulaşan, şeýle-de käbirleriniň ýüzünde pyçak urgusynyň yzy bolan çagalary görse bolýar. Aýal wakanyň ýüze çykan ýerinde tussag edildi. Hüjümiň sebäpleri häzirlikçe belli däl. ... Читать дальше...

Paşiniýan ABŞ-ermeni gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleriň bardygyny aýdýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Nikol Paşiniýan ýurda sapar bilen gelen Ak Tamyň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton bilen geçirilen gepleşikleriň “juda oňaýly häsiýete” eýe bolandygyny aýtdy. “Ermeni-ABŞ gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin hakyky mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn. Biz bu mümkinçiliklerden peýdalnamaga taýýar” diýip, Paşiniýan özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy. Ermenistanyň Russiýa bilen uzak ýyllardan bäri ýakyn gatnaşyklary bardy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *