Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 14.10.2018

ABŞ-nyň wekili owgan liderleri bilen duşuşdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystandaky parhatçylyk başlangyçlary boýunça wekili – şenbe güni Katarda “Talybanyň” liderleri bilen gepleşik geçireninden soň – Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we baş dolandyryjysy Abdylla Abdylla bilen duşuşdy. ABŞ-da doglan asly owganystanly, şeýle-de ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi bolan Zalmaý Khalilzad “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine çekmek boýunça diplomatiki missiýanyň çäginde, dört ýurduň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri barada gürrüň berdi. Khalilzad... Читать дальше...

Berlinde onlarça müň adam jynsparazlyga garşy ýöriş geçirdi

Azathabar.com 

Berlinde müňlerçe adam jynsparazlyga we ksenafobiýa, ýagny daşary ýurtlylaryň hallanmazlygyna garşy gurnalan “açyk we azat jemgyýet” ýörişine gatnaşdylar. Şenbe güni geçirilen ýörişiň guramaçylary oňa azyndan 242 müň adamyň gelendigini aýtdylar. Polisiýa bolsa bu görkezijiniň “onlarça müň” bolandygyny belledi. Çäre aktiwistleriň ýaranlygy, Germaniýanyň ekologiýa Ýaşyl Partiýasy we aşa çepçi Die Linke partiýasy tarapyndan gurnaldy. Demonstrantlar “Biz bölünmejekdigimizi batly we açyk mälim edeliň”... Читать дальше...

Rohani: ABŞ Eýrandaky režimi üýtgetmegi maksat edinýär

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň ýurtdaky syýasy režimi üýtgetmegi maksat edinýändigini aýdy. Tähranda eden çykyşynda Rohani ABŞ-nyň Eýranyň ýolbaşçylaryny çalyşmak üçin, psihologiki we ykdysady tilsimleri ulanýandygyny öňe sürdi. Maý aýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington Tährana garşy basyşlaryny güýçlendiripdi. Şeýle-de, ABŞ Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi. Eýranyň nebit pudagyna gönükdirilen gadagançylyklaryň ikinji tapgyry bolsa... Читать дальше...

Pakistan öňdebaryjy aktiwisti azatlyga goýberdi

Azathabar.com 

Pakistanda aýal-gyzlaryň, paştunlaryň hak-hukuklary ugrunda iş alyp baran aktiwist, Yslamabatda dokuz sagat çemesi wagt tussaglykda saklanandan soň azatlyga goýberildi. Gulalai Ismail 12-nji oktýabrda Britaniýadan Pakistana dolanandan soň, Yslamabadyň aeroportynda tussag astyna alnypdy. Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Ismailiniň azat edilmegini sorap, beýanat ýaýratdy. Aktiwistler Ismailiniň tussaglykdan goýberilendigini, emma onuň syýahatçylyk dokumentleriniň alnyp galandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Owganystanyň Takhar welaýatynda amala aşyrylan partlamada 22 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanda ýurduň parlamentine dalaş edýän bir aýal kandidatyň saýlaw kampaniýasy mahaly amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan 22 adam, şol sanda parahat ilat we howpsuzlyk güýçleri heläk boldy. Takhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň maglumatyna görä, Rustak etrabynda amala aşyrylan hüjümde başga-da 36 adam ýaralanypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma, sebitde “Talyban” jeňçileri aktiw hereket edip, olar Takhar welaýatynda mundan ozal-da hüjümleri amala aşyrypdylar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *