Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 17.10.2018

"Boýnumyza dakylan ekerançylyk ýeriniň girdejisi nirä gidýär?"

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary özlerine mejbury berkidilen ekerançylyk ýerine ideg etmek üçin her aý pul töleýändiklerini, ýöne alnan hasylyň girdejisiniň nirä gidýändigi barada özlerine hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.

'Bogma güjügi!': Aşgabatda sergezdan itleri tutmak çäresi dowam etdirilýär. WIDEO

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosyna Aşgabatdan gowşan iki wideo ýazgyda paýtagtda öýsüz itleri tutmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň geçirilişi görkezilýär.  16-njy oktýabrda redaksiýa gowşan wideolaryň birinjisi oktýabryň başynda Aşgabadyň köçeleriniň birinde düşürildi, onda gyzgylt reňkli ýörite awtoulagyň içine salnan itleriň ses edişi eşidilýär. Ikinji wideo sentýabryň başynda Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň birinde düşürlipdir. Ýerli ýaşaýjylar şäher edaralaryň işgärleriniň güjügi tutup äkidişini we... Читать дальше...

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary Ahwazdaky hüjümiň “arkasynda duranyň” öldürilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary geçen aý ýurduň Ahwaz şäherindäki harby parada edilen hüjümiň “arkasynda duranyň” öldürilendigini aýtdy. Şol hüjümde 24 adam heläk bolupdy. Sakçylaryň ýaýradan beýanatyna görä, Yrakdaky ygrarly güýçler “Ahwazaky terroristik hüjümiň arkasynda duran” Abu Zaha diýilýän adamyň, başga-da dört jeňçiniň öldürilendigini belledi. Eýranyň döwlet habar serişdeleri Abu Zahanyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň agzasy bolandygyny aýtdy. “Yslam döwleti” ekstremistik topary... Читать дальше...

Rus, müsür liderleri strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşarlar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň özüniň müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sissi bilen iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagyna garaşylýar. Putiniň daşary işler boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow çarşenbe güni geçiriljek gepleşiklerde halkara, şol sanda Siriýadaky, Liwiýadaky, Ýemendäki ýagdaýlaryň, şeýle-de Palestina-Ysraýyl meselesiniň maslahat ediljekdigini aýtdy. Sişenbe güni Moswkada geçirilen iki-taraplaýyn gepleşiklerde al-Sissi rus uçarlarynyň Müsüriň... Читать дальше...

Owganystanda parlament kandidaty öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň günorta Helmand welaýatynda ýurduň parlamentine dalaş eden bir resmi partlamada heläk boldy. Ýerli resmiler partladyjynyň Abdul Jabar Kahramanyň edarasynda ýerleşdirilendigini aýtdylar. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” jeňçileri öz üstlerine aldylar. Partlamada başga-da ýedi adam ýaralandy. Owganystanda 20-nji oktýabrda geçirilmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 10 kandidat öldürildi.

Russiýada ruhy hassalar üçin keselhanadaky ‘bidüzgünçilik’ derňelýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Çelýanbinsk regionynda resmiler ruhy hassalar üçin keselhanada gartaşan bir adama “erbet çemeleşilendigi” diýilýän aýyplama esasynda derňewe başladylar. Internetde keselhananyň iki işgäriniň bir ýaşuly adama aýakgaplary zyňyp, soňy bilen onuň üstünden gülýän pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy. Munuň yzy bilen, Derňew Komitetiniň ýerli edarasy deslapky derňewe başlandygyny mälim etdi. Wideoda işgärleriň biriniň ýaşuly adamyň ýanbaşyna depýändigini hem synlasa bolýar. Wideo... Читать дальше...

Ermenistanyň premýer-ministri Paşiniýan wezipesinden çekildi

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan ýurtda irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin, öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Paşiniýan bu barada sişenbe güni giçlik telewideniýede çykyş edip, öz kararyny “ähli häkimiýeti halkyň eline geçirmek üçin gerekdigi” bilen düşündirdi. Geçen aý Paşiniýanyň blogy Ýerewanyň häkimi ugrundaky saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanandan soň, ol irki parlament saýlawlarynyň hem geçirilmelidigini öňe sürüpdi. Paşiniýan maý aýynda, hepdeläp dowam eden köçe protestlerinden soň, häkimiýet başyna geçipdi. Читать дальше...

Pakistanda sekiz çagany öldürmekde aýyplanýan dardan asyldy

Azathabar.com 

Pakistanda pedofiliýada, ýagny çagalara jynsy zorluk etmekde we sekiz çagany öldürmekde aýyplanýan jezalandyrylyp öldürildi. Mohammad Imran Lahoredäki türmeleriň birinde dardan asyldy. Bu çärä öldürilen çagalaryň biriniň kakasy – Amin Ansari hem gatnaşdy. Ýanwar aýynda Ansariniň ýedi ýaşly gyzy Zeýnebiň zorlanyp, soňy bilen hem öldürilmegi halkara derejesinde nägileligi döredipdi. Imran ýanwarda Zeýnebiň jesedi Lahoredäki zir-zibil zyňylýan ýerde tapylanyndan iki hepde soň tussag edilipdi. Polisiýa Zeýnebiň ilki zorlanandygyny... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *