Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 08.08.2019

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Atambaýew tussag edildi

Azathabar.com 

Tas 24 sagada çeken gan döküşmeden we döwlet howpsuzlyk güýçleri bilen gapma-garşylykdan soň, ozalky prezident Almazbek Atambaýew göni öz öýünden çykyp, zorlukly gapma-garşylygy soňlamak üçin, polisiýanyň awtoulagyna gelip mündi. 62 ýaşyndaky Atambaýew 8-nji awgustda, polisiýa bir gije ozal ýaşaýan ýerine reýd geçirip, Bişkegiň etegindäki howlusynda tussag etmegi başarmandan soň tussag edildi. Soňky 24 sagatda bolan zorlukly wakalar Atambaýewe ýüklenilýän günäleriň has köpeljekdigini aňladýar. Читать дальше...

Türkmenistanda hojalyk hyzmatlary üçin bergidarlara dokument bermekden ýüz öwürýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň öý hojalyk hyzmatlary üçin bergileriniň ýokdugyny subut edensoň berilýän dokumentleriň we resminamalaryň sany artýar.  Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, döwlet edaralaryň işgärleri dokument sorap ýüz tutýan raýatlara kommunal hyzmatlaryň tölenendigi hakynda kagyz getirilmegini talap edýärler.  - Şu gün ir sagat ​8:50-de Mary şäheriniň Magtymguly köçesindäki Türkmenistanyn Mary şäheriniň raýat yagdaýlarynyň nama ýazgylary edarasynyň öňünde 14 adam durdy... Читать дальше...

Oppozisiýa wekilleri Moskwa saýlawlaryna goýberilmedi

Azathabar.com 

Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy iki sany belli oppozisiýa wekilini Moskwa geňeşine 8-nji sentýabrda geçirilmeli saýlawlara gatnaşdyrmaly däl diýen öňki kararyny öz güýjünde galdyrdy. Saýlaw komissiýasy bu kararyny 7-nji awgustda çykardy. Mundan öň, syýasatçy Dmitriý Gudkow we Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubow Sobol degişli şikaýatlary bilen ýüz tutupdylar. “Siz adamlary köçä çykmaga itekleýärsiňiz” diýip, Sobol şikaýaty ret edilenden soň saýlaw resmilerine ýüzlendi. Читать дальше...

ABŞ Hindistany we Pakistany asudalygy saklamaga çagyrdy

Azathabar.com 

Hindistan bilen Pakistanyň dawaly Kaşmir sebiti ugrundaky dartgynlylyklarynyň ýitileşmeginiň fonunda, ABŞ 7-nji awgustda taraplary asudalyga çagyrdy. “Biz Kaşmir we alada döredýän beýleki meseleler boýunça Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gönümel dialogy goldamagymyzy dowam etdirýäris” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili beýanat bilen çykyş etdi. Bu beýanat, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirijisi... Читать дальше...

Eýranyň Türkiýe bilen serhetleşýän sebitinde iki ofiser öldürildi

Azathabar.com 

Eýranyň demirgazyk-günbatar sebitinde Yslam Rewolýusiýa Sakçylarynyň iki agzasy ýaragly jeňçiler bilen çaknyşykda heläk boldy diýip, Eýranyň mediasy maglumat berýär. Hadysa 7-nji awgustda Eýranyň Türkiýe we Yragyň Kürdistan sebiti bilen serhet araçäklerine golaý Maku regionynda ýüze çykdy. Makunyň häkiminiň sözlerine görä, ok atyşykda iki ýaş ofiser öldürilipdir we bir esger ýaralanypdyr. Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň günbatar, Yrak we Türkiýe serhetlerine ýakyn sebitlerinde ýaragly söweşijiler... Читать дальше...

Paşiniýanyň Daglyk-Garabag sebitine eden saparyndan soň, Baku we Ýerewan birek-biregini aýyplady

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň Azerbaýjandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Daglyk-Garabag sebitine eden saparyndan soň, Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda söz gapma-garşylyklary döredi. Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň 7-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Paşiniýanyň şu hepde sebite eden “bikanun” diýlip atlandyrylan saparynyň dartgynlylyklary “öjükdirendigi” aýdylýar. 5-nji awgustda Paşiniýan Daglyk-Garabagyň paýtagty Stepanakertde müňlerçe adamyň öňünde eden çykyşynda bu regionyň “Ermenistana degişlidigini” aýtdy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *