Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 23.08.2019

Türkmenistanda çagany okuwa taýýarlamak näçä durýar?

Azathabar.com 

Türkmenistanda okuw geýimleriniň we esbaplarynyň bazarlaryndaky nyrhlardan çen tutulsa, çagany mekdebe taýýarlamak üçin çykdajylar geçen ýylkysyndan iki esse ýokarlanyp, şu ýyl 2 müň manada ýetýär.

Aşgabatda taksi ýetmezçiligi güýçlenýär

Azathabar.com 

Aşgabatda taksi ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny we munuň döwlet eýeçiligindäki taksileriň gurply maşgalalar tarapyndan bir aýlyk kireýine alynmagy bilen baglanyşyklydygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary habar berýärler.

Azat Adalga: Trol

Azathabar.com 

Azat Adalganyň bu sanynda "trol" sözüniň manysy öwrenilýär.

ABŞ, “Talyban” owgan parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny geçirýärler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we “Talyban” toparynyň wekilleri Katarda Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna başladylar. ABŞ resmileriniň we “Talyban” toparynyň metbugat wekiliniň maglumatyna görä, gepleşikleriň 9-njy tapgyry 22-nji awgustda Kataryň paýtagty Dohada başlanypdyr. Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, jeňçi topary bilen gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad 21-nji awgustda “Talybanyň” esasy araçysy Molla... Читать дальше...

Makron Modini Kaşmirdäki ilatyň hukuklaryny sylamaga çagyrdy

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Hindistanyň premýer-ministri Nerendra Modä ýüzlenip, Parižiň Kaşmirdäki ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýandygyny aýtdy, şeýle-de ony Gimalaýlaryň bölünen sebitiniň iki tarapyndaky adamlaryň hem hukuklaryny sylamaga çagyrdy. Makron bu barada 22-nji awgustda Parižiň eteginde Modi bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy. Makron öňümizdäki günlerde Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen bu mesele boýunça gepleşjekdigini mälim etdi. 5-nji awgustda Hindistan Kaşmiriň... Читать дальше...

Sowetleriň simwollary “gülkünç” däl diýip, Litwa Amazona ýüzlendi

Azathabar.com 

Litwa ABŞ-nyň onlaýn lomaý söwda kompaniýasy Amazona ýüzlenip, sowetleriň simwoly bolan orak bilen çekijiň suraty ýerleşdirilen egin-eşikleriň sowet döwrüniň pidalaryna garşy hormatsyzlykdygyny aýdyp, olaryň söwdadan aýrylmagyny sorady. “Tutuş dünýäde gazaplylygyň artýan pursady, hiç kim, şol sanda ‘gülkünç’ simwollara hem parhsyz garamaly däldir” diýip, Baltik döwletiniň garaşsyzlykdan soňky prezidenti Wytautas Landsbergis Amazonyň esaslandyryjsysy Jeff Bezosa ýollan açyk hatynda belledi. 86... Читать дальше...

Nawalny tussaglykdan azatlyga goýberildi

Azathabar.com 

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny, suduň onuň tussaglyk möhletini uzaltmakdan ýüz öwüreninden soň, azatlyga goýberildi. Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş özüniň Twitter hasabynda onuň 23-nji awgustda ir bilen tussaghanadan çykyp barýan suratlaryny çap etdi. Kremliň belli tankytçysy Nawalny geçen aý, adamlary rugsat berilmedik proteste çagyrmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglyga höküm edilipdi. Türmede wagty Nawlany ýüzünde örgünleriň çykmagy sebäpli keselhana hem ýerleşdirilipdi. Читать дальше...

Ozalky gyrgyz prokurory öý tussaglygyna ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Indira Joldubaýewa korrupsiýa aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna ýerleşdirildi. Içeri işler ministrligiň 22-nji awgustda beren maglumatyna görä, Joldubaýewa 2013-nji ýylda belli jenaýatçy Aziz Batukaýewiň möhletinden ir tussaglykdan boşadylmagy bilen baglylykda aýyplanýar. Şol döwür, ol prezident edarasynyň adalat pudagyndaky reformalar departamentine ýolbaşçylyk edýärdi. 2015-nji ýylda Joldubaýewa ýurduň baş prokurory boldy. Onuň kandidaturasyny şol wagtky prezident Almazbek Atambaýew hödürläpdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *