Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 17.08.2019

Moskwadaky ýalňyz protestçiler piketi azat saýlawlara çagyrýar

Azathabar.com 

Rus aktiwistleri 17-nji awgustda merkezi Moskwada, ygtyýar berilmedik ýygnanyşyklara garşy kanunlardan sowulmak üçin, bir adamyň piketlerini gurnap, azat saýlawlara çagyrmaklaryny dowam etdirdiler. Moskwada oppozision kandidatlaryň sentýabrda geçjek ýerli saýlawlara gatnaşmagynyň öňi baglanandan soň, bu ýerde bir aýlap hepdelik protestler gurnaldy.

Odessadaky myhmanhana ýangynynda sekiz adam öldi

Azathabar.com 

17-nji awgustda irden Ukrainanyň port şäheri Odessada bolan myhmanhana ýangynynda sekiz adam öldi, on adam ýaralandy diýip, ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar gullugy habar berdi. Prezident Wolodimir Zelenskiý öz feýsbuk sahypasynda hususy hassahanada turan ýangyndan halas edilen on adamyň dördüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Beýanatda aýdylmagyna görä, ýangyn ýarygijeden sähel wagt soň turdy. Şol wagt myhmanahanada näçe myhmanyň bolandygy, ýangynyň sebäbi aýdylmaýar.  Ýangyn bolan “Tokio Star” myhmanhanasynyň 273 otagy bar. Читать дальше...

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri tussaghanadan hassahana geçirildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri, korrupsiýada aýyplanan Sapar Isakow, insult alamatlary sebäpli, Bişkegiň merkezindäki deslapky tussaghanadan hassahana geçirildi. Ol  2018-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýardy.  Ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň ýakyn ýarany hasaplanylýan 42 ýaşyndaky Isakow, Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, 16-njy awgustda merkezi aziýa ýurdunyň paýtagtyndaky hassahana geçirildi.  MHK bu iş boýunça başga detallary açmady. Isakowyň 2018-nji ýylda tussag... Читать дальше...

Gazak sudy “etniki dartgynlyklary öjükdirmekde’ aýyplanan aktiwiste jerime salýar

Azathabar.com 

Etniki dartgynlyklara meçew bermekde aýyplanan tanymal gazak aktiwisti tussaglykdan boşadyldy, Almaty sudy 16-njy awgustda oňa gazak pulunda 300 dollara golaý jerime saldy.  Hytaýdaky etniki gazaklaryň azat edilmegi üçin kampaniýa gurnan Serikžan Bilaş sud otagyndan çykandan soň goldawçylaryna özüniň azat edilmeginiň “halk üçin ýeňiş” bolandygyny aýtdy. “Atažurt Eriktileri” (Ataýurt meýletinçileri) toparynyň lidreri Bilaş mart aýyndan bäri Nur-Soltandaky öýünde öý tussagy edilip saklanýardy. Ol Sinjiaňdan Gazagystana gelip... Читать дальше...

Tramp geňeşçileri bilen maslahatlaşansoň, "Talyban" gepleşikleriniň 'dowam etjekdigi' aýdylýar

Azathabar.com 

Ak tam prezident Donald Trampyň öz milli howpsuzlyk geňeşçileri bilen owgan parahatçylyk gepleşikleri barada geçiren maslahatynyň “örän gowy” geçendigini we “Talyban” bilen gepleşikleriň “dowam edýändigini” aýdýar. Resmiler 16-njy awgustda Trampyň ekstremist topar bilen ABŞ goşunlarynyň uruşda tozan Owganystandan çekilmegi we tas 18 ýyllap dowam eden konflikti soňlamagyň syýasy çözgüdini tapmak boýunça geçirilýän gepleşikleri maslahatlaşmak üçin öz ýokary derejeli geňeşçileri bilen duşuşýandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Eýran ölüm jezalaryny köp bermekde, çagalary jezalandyryp öldürmekde tankytlanýar

Azathabar.com 

BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy geçen ýyl bu ýurtda pikiriňi beýan etmek hukuklary, azatlyk we adalatly sud babatynda “çäklendirmeleriň köpelendigini” aýtdy hem-de Tährany jezalandyrylyp öldürilýänleriň sanynyň köplügi, şol sanda azyndan ýedi çaganyň jezalandyrylyp öldürilendigi sebäpli berk tankyt etdi. Jawaid Rehmanyň geçen aýda ýazylan we “Eýran Yslam Respublikasyndaky adam hukuklarynyň ýagdaýy” diýlip atlandyrylan hasabaty 16-njy awgustda BMG-niň Baş Assambleýasyna berildi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *