Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 22.08.2019

Türkmenbaşynyň ilaty birnäçe gün suwsyz galýar

Azathabar.com 

Türkmenbaşy şäheriniň ilaty birnäçe gün bäri suwsuz galýar. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, şäheriň merkezinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarda, şeýle-de şäheriň daşyndaky ýaşaýyş nokatlarynda suw üpjünçiligi kesilipdir.

Eýran öz ýasan raketa goranyş ulgamyny görkezdi

Azathabar.com 

Eýran Birleşen Ştatlar bilen dowam edýän gapa-garşylyklaryň fonunda, dartgynlyklaryň ýokarlanýan pursatynda täze, ýurt içinde ýasalan uzak aralyga ýetýän raketa ulgamyny görkezdi.

Türkmenistan Belarusdan satyn alýan azyk önümlerini köpeldýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Amandurdy Işanow Belarusyň ilçisi Oleg Tabanýukhow bilen duşuşdy diýip, “Trend” habar gullugy Belarusyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär. Gepleşiklerden soň Belarusdan getirilýän azyk önümleriniň möçberini mundan aňryk hem artdyrmak hakynda ýöriteleýin ylalaşyklara gelindi diýip, habarda aýdylýar. Emma Türkmenistanyň Belarusdan haýsy azyk harytlaryny satyn aljagy aýdylmaýar.  Şeýle-de taraplar Aşgabatda we Minskde... Читать дальше...

Putin ABŞ-nyň raketa synagyny tankytlaýar, Moskwa protesleriniň ähmiýetini peseldýär

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putin goňşulykdaky Finlandiýa saparyny ABŞ-nyň gury ýerdäki ganatly raketa synagyny tankytlamak, Moskwadaky protest hereketini kiçeltmek we Orsýetiň goňşularyny harby synag bazasynda bolan partlamadan soň dörän radiasiýa aladalaryndan köşeşdirmek üçin ulandy.  Putin bu pikirlerini 21-nji awgustda, fin paýtagty Helsinkide ýurduň prezidenti Sauli Niinistop bilen duşuşmaga gelende guralan sorag-jogap sessiýasynda aýtdy. Bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda, ykdysady hyzmatdaşlygy... Читать дальше...

Fransuz prezidenti G7 sammitinden öň eýran resmileri bilen duşuşýar

Azathabar.com 

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron hepde aýagynda ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň Ýediler sammitinden öň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklary azaltmagy teklip etmek üçin, eýran resmileri bilen duşuşar diýip, “Roýters” habar berýär. Ýewropanyň üç ýurdy, şol sanda Fransiýa 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygyny, Eýranyň ýadro programmasyny jylawlan we Tährana garşy sanksiýalary azaldan şertnamany saklap galmaga çalyşýar.  ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýyl bu şertnamadan çekildi we sanksiýalary dikeltdi. Читать дальше...

Eýran hümmetini gaçyrýan pulunyň dört noluny aýyrýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani parlamente kanun taslamasyny iberip, ýurduň hümmetini gaçyrýan pulundan, rialdan dört noly aýyrmagy teklip etdi. Ýarym resmi habar gulluklary 21-nji awgustda Rohaniniň bu kanun taslamasyny parlamente gyssagly seretmek üçin iberendigini habar berdiler. Eýranyň rialy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmak barada gelen karary we sanksiýalary gaýtadan dikeltmegi netijesinde kesgin hümmetini ýitirdi. Читать дальше...

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy oppozisiýadaky syýasatçy Tekebaýewiň gaýtadan sud edilmegini buýurýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy oppozisiýadaky syýasatçylar Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşenkul Çotonowyň türme hökümlerini ýatyryp, gaýtadan sud edilmegini buýurdy. 21-nji awgustda çykarylan sud karary esasynda bu iş, “üsti açylan täze ýagdaýlar” bilen baglylykda, täzeden seretmek üçin Bişkegiň Birinji maý etrap suduna, yzyna iberildi. Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow 2017-nji ýylda para almakda günäli tapylyp, hersi sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Читать дальше...

Aýratyn ýurdy bolmadyk halyfat. Pentagon duýdurýar: “YD” ýaňadan janlanýar

Azathabar.com 

Donald Tramp özüniň prezidentlik kompaniýasynda Yrakdan goşun çykarjakdygyna söz beripdi. Geçen ýylyň dekabrynda beren wadasyny berjaý etmäge wagt ýetendigini ýatlady. – Biz Siriýada öňden bäri söweş alyp barýarys. Men prezident bolanymdan iki ýyl bäri bu işe gaty çynlakaý girişdik. Biz “yslam söweşijileri” diýilýänini ýeňdik. Biz olary agyr ýitgilere hem ýeňlişe sezewar etdik. Biz olaryň eýelän ýerlerini elinden gaýdyp aldyk. Indi biziň söweşijilerimize öýlerine dolanmaga wagt boldy. Biziň ýurdumyz... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *