Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 16.08.2019

Aşgabatda okuw geýimlerini karz görnüşinde satyp başladylar

Azathabar.com 

Aşgabadyň dükanlary okuw geýimlerini alyjylara indi karz satyp başladylar. Bu barada 15-nji iýulda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berdi.  Neşriň maglumatyna görä, söwda merkezleriniň işgärleri mekdep üçin harytlary karz satyn almak boýunça bu täze mümkinçilik barada bildirişleri ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde asýarlar.  Ozalky ýyllarda okuw geýimleri we esbaplary karz satylmandy.  Neşriň maglumatyna görä, söwdegärler öz harytlaryny rassroçka, ýagny wagty bilen bölekleýin tölemek usulyny... Читать дальше...

Tramp Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň lideri Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga çagyrdy. Ol munuň öňki britan koloniýasynda demokratiýa tarapdar protestçiler tarapyndan geçirilýän ýörişlere, ýagny hepdeläp dowam edýän krizisa “şatlykly we aýdyň soňy” getirmek üçin amala aşyrylmalydygyny belledi. Trampyň 15-nji awgustda eden bu çykyşy, Pekin, döwlet eýeçiligindäki media we Hong Kongdaky Hytaýa tarapdar liderler Hytaýyň “durnuksyzlygy dessine basyp ýatyrmaga” taýýardygyny... Читать дальше...

Öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew ýene 10 gün tussaglykda saklanar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň aýalynyň işleri barada derňewler başladylan mahaly, Atambaýew ýene 10 gün tussaglykda saklanar.  16-njy awgustda Bişkegiň şäher sudy Atambaýewi 26-njy awgusta çenli deslapky tussaghanada saklamak boýunça aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady. Bu barada öňki gyrgyz prezidenti Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarew sud diňlenişiginden soň žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy. Atambaýewiň sud diňlenişigi Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk... Читать дальше...

Elwis Presleýiň muşdaklary onuň ölüminiň 42-nji ýyldönümini belleýär

Azathabar.com 

Elwis Presleýiň muşdaklary onuň ölüminiň 42-nji ýyldönümini bellemek üçin rok-n-roll legendasynyň ABŞ-nyň Tennessi ştatyndaky Memphis sebitinde ýerleşýän guburyna baryp, ol ýerde şemleri ýakdylar. Elwis Presleý 1977-nji ýylyň 16-njy awgustynda 42 ýaşynda aradan çykypdy. Aýdymçynyň dünýäniň çar künjeginden gelen muşdaklarynyň onuň Greýslanddaky öňki öýüne ýygnanmagy bilen, Elwis Presleýi ýatlamak çäresi her ýyl geçirilýär. Elwis Presleý 20-nji asyryň aýdym-saz medeniýetiniň iň görnükli şahsyýetleriniň biri hasaplanýar.

Russiýada zäherlenen 69 özbek raýatynyň içinde biri wepat boldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi geçen aý Russiýada nämälim madda zerarly zäherlenen onlarça özbek zähmet migrantynyň içinde biriniň wepat bolandygyny aýdýar. Ýatlatsak, iýul aýynda Russiýanyň Derňew komiteti 16-17-nji iýulda Samara regionynyň Syzran etrabynda onlarça özbek raýatynyň iýmitden zäherlenmek alamatlary boýunça keselhana ýerleşdirilendigini habar beripdi. 21-nji iýulda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi 69 özbek raýatynyň, şol sanda çaganyň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi. Читать дальше...

Azat Adalga: Emeli aň

Azathabar.com 

Azat Adalganyň bu sanynda "emeli aň" adalgasy bilen tanyşmaga synanyşylýar.

Gibraltar Eýranyň supertankeriniň taýýar bolan dessine gidip biljekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Gibraltaryň baş ministri Fabian Pikardo (Fabian Picardo) Eýranyň alty hepde ozal ele salnan supertankeriniň taýýar bolan dessine gidip biljekdigini aýtdy. PikardoBritaniýanyň deňziň aňyrsynda ýerleşýän territoriýalary boýunça Ýokary sudunyň “Grace1” gämisini duruzmak üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan amala aşyryljak islendik tagalla syn etjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy. Gibraltaryň baş ministriniň eden bu çykyşy, Eýranyň supertankeriniň ekipaž agzalarynyň ABŞ-nyň wiza gadagançylygyna sezewar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *