Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 06.04.2020

Marynyň ilaty azyk ýetmezçiligine närazylyk bildirip proteste çykdy, awtoýollary baglady

Azathabar.com 

Mary şäherinde 3-nji aprelde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykdy. Aglaba köplügi aýallardan bolan topar owaly bilen bu welaýaty ýurduň beýleki çäkleri bilen baglanyşdyrýan awto ýoly baglady. Soňra bir topar jemagat regionyň administratiw merkezine ugrady. Olar un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdiler.

Global ykdysadyýeti COVID-19 pandemiýasyndan zyýan çekýän döwründe Türkmenistan ösüşi yglan edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümeti milli ykdysadyýetiň ýene ösüş görkezendigini yglan etdi. 3-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda öňe sürlen sanlara görä, ýylyň başyndan bäri umumy içerki önümçilik 6,3%, haryt önümçiligi 5,3%, maýda haryt dolanyşygynyň möçberi 19,8% göterilipdir.  Uly we kiçi edaralar boýunça ortaça aýlyk 10,1% artypdyr.  Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri edara-kärhanalaryň ençemesinde iş orunlary azaldyldy. Ýurtda koronawirusa garşy göreş bilen baglylykda girizilýän çäklendirmeleriň... Читать дальше...

Kosowanyň mediasy koronawirus krizisiniň dowamynda 'dartgynlylygy' güýçlendirmezlige çagyryldy

Azathabar.com 

Ýewropanyň žurnalistler federasiýasy (EFJ) Kosowanyň mediasyny koronawirus bilen baglylykda saglyk krizisiniň dowamynda 'dartgynlylygy' güýçlendirmezlige çagyrdy. 4-nji aprelde çap bolan beýanatda Brusselde ýerleşýän gurama Kosowanyň RTK döwlet telewideniýesiniň we "Sinjali" täzelikler portalynyň serbleriň agtyklyk edýän Demirgazyk Mitrowitsa şäherindäki karantin barada "ýagdaýa we etika laýyk bolmadyk" görnüşde habar berýändigi aýdylýar.  “Käbir syýasatçylaryň, şol sanda Serbiýanyň prezidenti... Читать дальше...

ABŞ-nyň prezidenti 'tümlügiň soňunda ýagtylyk görýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde amerikan resmileriniň berýän agyr çaklamalaryna garamazdan, umyt şöhlelerini görýändigini aýdýar.  Tramp 5-nji aprelde eden çykyşynda, geljekki iki hepdede ýurtda kesel zerarly ölüm derejesiniň "aýylganç" boljagyny boýun aldy, emma täze infeksiýadan iň uly ejir çekýän ştatlaryň görkezijileriniň kadalaşmagyna umyt bildirdi.  Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň koronawirusa garşy waksinany tapmak boýunça işlerde "örän öňe ädendigini" belledi, emma takyk delil ýa-da san bermedi. Читать дальше...

Moskwadan we Sankt Peterburgdan Kaliningrada ýolagçy demirýol gatnawy ýatyryldy

Azathabar.com 

Orsýet koronawirusyň ýaýramagyny öňüni almak üçin iki iň uly şäheriniň we Baltiýadaky Kaliningrad enklawynyň arasyndaky ýolagçy demirýol gatnawyny wagtlaýyn bes edýär.  Orsýetiň döwletiň gözegçiligindäki demirýoly 6-njy aprelden başlap Moskwadan we Sankt Peterburgdan gatnawy ýatyrýar diýip döwlet mediasy habar berýär. Uzynlygy 20 we 26 sagatlyk ýol Belarusyň we Litwanyň üstünden geçýär.  Ýolagçy otly gatnawy iki taraplaýyn ýatyrylýar.  Orsýetiň demirýol edarasy gatnawyň dikeldiljek wagtyny agzamady. Читать дальше...

Türkmenabatda ýüzlerçe adamlyk nobatlar “adaty ýagdaýa öwrüldi”

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde her gün bankomatlaryň we azyk haryt dükanlarynyň öňündäki ýüzlerçe adamlyk nobatlar adaty bir ýagdaýa öwrüldi diýip, sebitdäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz maglumat berýär. Maliýe ýetmezçiligi we azyk gytçylygynyň fonundaky bu ýagdaýlaryň dowamynda adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykyp başlandygy bellenilýär. “Türkmenabatda ýüzläp adam bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmak üçin ir säherden başlap bankomatlaryň öňünde nobat tutup durlar. Emma, diňe onlarça adam puluny nagtlaşdyryp bilýär. Читать дальше...

Nýu-Ýorkda koronawirus gaplaňda tapyldy

Azathabar.com 

Nýu-Ýorkyň haýwanat bagynda gaplaňda koronawirus anyklandy. Bu ABŞ-da anyklanan koronawirus ýokaşan ýeke-täk haýwandyr. Gaplaňa bu wirusyň haýwanat bagynyň simptomsyz kesellän işgärinden geçen bolmagy çak edilýär. Haýwanat bagynyň maglumatyna görä, şeýle-de, bu ýerde saklanýan ýene alty sany gaplaň we arslan keselläpdir, emma olaryň testleriniň netijeleri entek belli däl.  Haýwanat bagynyň test geçirmek kararyna gaplaňlaryň we arslanlaryň koronawirusa mahsus gurak üsgürmek we işdäsini ýetirmek... Читать дальше...

Geteralar territoriýasy: türkmen geýleri yzarlanmadan nähili gaçýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistandan bolan 23 ýaşly geý Maksat (ady üýtgedildi) Orsýetde okaýardy. Şol ýerde hem oňa WIÇ-infeksiýasy ýokuşdy. Onuň deportasiýa edilmegine garaşyp durmazdan, okuwdan çykaryp, öz ýurduna ugratdylar, sebäbi WIÇ-infeksiýasy položitel netije görkezen daşary ýurtly Russiýada ýaşap bilmeýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *