Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 21.04.2020

Türkmenistan metbugat azatlygy reýtinginde yzdan ikinji boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dünýäde media azatlygy boýunça iň ýaramaz döwletleriň biri bolmak bilen birlikde, ýurtda eýýäm Internet üpjünçiligini kesmek ugrunda işler alnyp barylýar diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasynyň soňky hasabatynda bellenilýär.

Ermenistanda koronawirus aladalary sebäpli bir şäherde we obada hereket çäklendirildi

Azathabar.com 

Ermenistanyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şirak welaýatynda ýerleşýän kiçi bir şäheri we oňa ýanaşyk obany ýapyp, hereketi çäklendirdiler. Bu waka ýerli keselhananyň 18 işgäriniň koronawirus barlaglarynyň pozitiw çykmagynyň yzýanyna gabat geldi. 20-nji aprelde Maralik şäherine barýan ýollaryň ählisi polisiýanyň barlag nokatlary tarapyndan petiklendi. “Biz diňe ýörite rugsatnamasy bolan adamlaryň geçmegine rugsat berýäris” diýip, barlag nokatlarynyň birini dolandyrýan polisiýa... Читать дальше...

Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda, mugallymlara prezidentiň kitaby boýunça 'Saglyk sapagyny' geçirmeli edildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby boýunça saglyk sapaklaryny geçirmäge borçly edildi. COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň fonunda resmiler we döwlet mediasy prezidentiň kitabyndaky ösümlikleri gyrgynçylykly wirusa garşy derman hökmünde öňe sürýärler. Munuň bilen bir wagtda ilatda koronawirusy anyklamak boýunça çäreler hem geçirilýär.     Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, indi paýtagtyň mekdep mugallymlary okadýan ugurlaryna garamazdan... Читать дальше...

Özbek işewüri Rahimow öz adyny ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyndan aýyrdyp bilmedi

Azathabar.com 

Özbek işewüri Gafur Rahimow öz adyny Birleşen Ştatlaryň sanksiýalar sanawyndan aýyrtmakda şowsuz boldy. Rahimowyň ady bu sanawa onuň halkara geroin gaçakçylygy bilen ilteşiklidigi baradaky öňe sürmeler sebäpli girizilipdi.  20-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Kolumbiýa etrap sudy Rahimowyň öz adynyň 2012-nji ýyldaky sanawa goşulandygy üçin ABŞ-nyň Maliýe departamentine garşy gozgan sud arzasyny goldamajakdygy barada karar çykardy. Bu sanksiýalar ABŞ-nyň raýatlaryna we kompaniýalaryna Rahimow bilen söwda etmegi gadagan edýär. Читать дальше...

RSF: Koronawirus “metbugat azatlygyna abanýan howplary güýçlendirýär”

Azathabar.com 

Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýäde, şol sanda wirusyň ýaýramagy baradaky maglumatlaryň jikme-jiklerini ýaşyrýan Hytaý we Eýran ýaly awtoritar režimlerde metbugat azatlygyna abanýan howpyň gerimini giňeldýär diýip, "Serhetsiz Reportýorlar" (RSF) guramasy özüniň ýyllyk hasabatynda aýdýar. Düýbi Parižde ýerleşýän gurama özüniň 21-nji aprelde ýaýradan maglumatynda bu wirusyň metbugat azatlygyna eýýäm kölege salýan "köp krizisiň üstüni açandygyny we güýçlendirendigini” aýtdy. Gurama pandemiýanyň... Читать дальше...

Tramp pandemiýa gaytawul çäre hökmünde immigrasiýany wagtlaýyn togtatjakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp global pandemiýa gaýtawul çäre hökmünde immigrasiýany wagtlaýyn togtatmak baradaky buýruga gol çekjekdigini aýtdy. Bu waka ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany 40000 adamdan geçen mahalyna gabat geldi. Tramp 20-nji aprelde giçlik ýazan twitinde ýerine ýetiriji çäräniň "Görünmeýän Duşmanyň hüjümine, şeýle hem BEÝIK Amerikan Raýatlarymyzyň işlerini goramagyň zerurlygyna" gaýtawul hökmünde gelendigini aýtdy. Bu barada jikme-jik maglumat berilmedi. Birleşen... Читать дальше...

Azat Adalga: Yztutar

Azathabar.com 

Azada Adalganyň bu sanynda "yztutar" sözi özleşdirilýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *